Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistan 2025-de temmäkiden azat bolmagy meýýilleşdirýän wagty Lebapda çilimiň bahasy iki esse gymmatlady

Türkmenistan 2025-de temmäkiden azat bolmagy meýýilleşdirýän wagty Lebapda çilimiň bahasy iki esse gymmatlady

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilimiň bahasy iki esse gymmatlady. Bu waka "Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň" işlenilip taýýarlanylandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, şu hepdäniň başynda çilimiň we temmäki önümleriniň bahasy iki esse ýokarlandy.

"Türkmenabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda bir gutusy 55 manatdan satylan çilimleriň bahasy 100 manada gymmatlady. Ýokary hilli çilimleriň bir gutusynyň bahasy bolsa, 150 manada çenli ýokarlandy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran dükan eýeleriniň biri 24-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz welaýatda öndürilýän, ilat arasynda "Türkmençilim" diýlip atlandyrylýan çilimleriň hem gymmatlandygyny aýdýar. Bir dänesi 1 manatdan satylan bu çilimleriň bahasy 2 manada ýokarlandy.

Onuň sözlerine görä, bu gymmatlama "Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň" işlenilip taýýarlanylandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçymyzyň gürrüňini edýän bu maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary 18-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürlendi.

Döwlet baştutany degişli karary taýýarlamak barada hödürlenilen teklibi makullady diýlip, TDH-nyň maglumatynda maksatnamanyň beýlekiler bilen bir hatarda, temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge gönükdirilendigi bellenilýär.

Şeýle hem onda temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girýändigi hem nygtalýar.

Ýöne Azatlyk bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar we ýerli synçylar ýurtda raýatlaryň bu endikden el çekmegine kömek bermek boýunça medisina we düşündiriş işleriniň ýeterlik geçirilmeýändigini, maslahat beriji merkezleriň talaba laýyk işlemeýändigini aýdýarlar.

Bellesek, çilimiň bahasy bilen bagly Lebapdan gelip gowşan soňky maglumatlar Mary welaýatynda çilim söwdagärlerine we çilim çekýän raýatlara gözegçilikleriň güýçlendirilen mahalyna hem gabat geldi.

Habarçymyzyň 22-nji fewralda beren maglumatyna görä, 21-nji fewralda Marynyň polisiýasy çilim we temmäki önümlerini satýan söwdagärlere garşy reýdleri geçirip başlady. Şeýle-de, köçelerde we köp gatly jaýlaryň töwereginde çilim çekýän raýatlar hem saklanyp, pul jerimesini tölemäge mejbur edilýär. Bu çäreleriň arasynda, sebitde çilimiň we mahorkanyň bahasy 50% gymmatlady.

Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Şeýle-de, häkimiýetler 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda hem karar kabul etdi.

Bu kararyň yzysüre, hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda käte çäkli möçberde ýola goýuldy. Bu gadagançylyk wagtyň geçmegi bilen gowşan bolsa-da, wagtal-wagtal güýçlendirilýär. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70



Здоровье

Новые дорожные ирригаторы Revyline RL 660 PRO поступили в чувашский филиал






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

В мини-футбольном клубе «Поморье» сменился главный тренер

Jauns.lv: полиция задержала в Латвии шесть человек за символику ко Дню Победы

Путин обратился к участникам KazanForum: Дорожим связями с мусульманскими странами

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» ПРАВИТ МИРОМ?! Раскрыт реальный смысл Мавзолея на Красной площади России в Москве.


Москва

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" расшифровал смысл "ДНК В.И. Ленина".






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Мэр Москвы Собянин сообщил об уничтожении беспилотника над Подольском



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бенни Гудмен

В Доме Единства состоится джазовый концерт, посвященный Бенни Гудмену




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

ГИБДД в Москве объявила рейд на электросамокатчиков с 10 по 12 мая



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России