Zelenski: 'Biz öz döwletimizi, öz topragymyzy we çagalarymyzy gorarys!'
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 26-njy fewral güni irden Kiýewden habar iberip, rus goşunlarynyň Ukrainanyň paýtagtyny gabap alan wagtynda, bu ýerde ukrain tabynlygynyň bolmajakdygyny aýtdy.
"Galp habarlara ynanmaň ... Men şu ýerde, biz öz ýaraglarymyzy taşlamarys, biz öz döwletimizi, öz hakykatymyzy, öz topragymyzy we çagalarymyzy gorarys, biz bularyň hemmesini gorarys, size aýtmak islän zadym şu” diýip, Zelenski Kiýewiň merkezindäki prezident edarasynyň ýanynda durup, Twitter hasabynda çap edilen wideoýazgyda aýtdy.
Zelenski, rus güýçleriniň ilerlemegi netijesinde gaçybatalga gözlemäge ýa-da gaçmaga mejbur bolýan raýatlary Kiýewi goramaga kömek bermäge çagyrdy. Şähere raketa zarbalary urlandan soň häkimiýetler eýýäm rus güýçleriniň ilerlemeleri barada paýtagtdaky adamlara duýduryş beripdi.
Goranmak ministrligi 25-nji fewralda ýaşaýjylara öňe müözeýän rus güýçlerini yzyna serpikdirmek üçin benzin bombalaryny ýasamagy buýurdy. Agşamara şaýatlar şäheriň günbatar böleginden top oklarynyň partlamalarynyň we güýçli atyşyk sesleriniň eşidilendigini habar berdiler.
Prezident ukrainalylary "duşmany mümkin bolan ýerinde togtatmaga" çagyrdy. Zelenski mundan öň efire berlen wideo çykyşynda Kiýewiň köçelerinde hökümet resmileriniň boljakdygyny we Ukrainanyň garaşsyzlygyny gorajakdygyny, özüniň hem paýtagtda galjakdygyny wada beripdi.
Şäher häkimi Witali Kliçko Kiýewiň gündogar çetindäki esasy elektrik stansiýasynyň golaýynda bäş partlamanyň bolandygyny aýtdy. Bu partlamalara nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat ýok.
Şeýle-de, Zelenski 26-njy fewral güni irden öz Telegram kanalynda çap eden wideo habarynda rus goşunlarynyň gije Ukrainanyň paýtagtyny ele geçirmäge synanyşjakdygyny duýdurdy.
"Duşman özüniň ähli güýjüni biziň garşylygymyzy döwmek üçin ulanar. Olar şu gije hüjüm ederler" diýip, ol aýtdy.
Zelenski biraz öň twitterde gündogar Çernihowyň we Melitopolyň girelgelerinde, şeýle-de Hostomelde öldürilen adamlar bilen agyr söweşleriň bolandygyny aýdypdy.
Şaýatlaryň sözlerine görä, gündogar Ukrainanyň Russiýa bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Harkowda hem partlamalar eşidilipdir, günbatar şäher Lwowda howa hüjümlerini duýdurýan sirena sesleri eşidilipdir. Häkimiýetler gündogar Sumy şäherinde hem agyr söweşleriň bolandygyny habar berdiler.
AÝ/AR-nyň Harkowdaky habarçysy şäheriň daşynda ýerleşdirilen raketa atyjy awtoulaglarda oturdylan rus gradlar tapgyrynyň ýok edilendigini aýtdy. Şeýle-de habarçy wakanyň bolan ýerinde rus esgeriniň jesedini görendigini hem habar berdi. Beýleki pidalar barada häzirlikçe hiç bir maglumat ýok.
Şu aralykda on müňlerçe ukrain howpsuzlyk üçin goňşy ýurtlara gaçdy.
Zelenski 18-60 ýaş aralygyndaky erkekleriň gitmegini gadagan edýän karara gol çekensoň, goňşy ýurtlara gelenler esasan aýallar, çagalar we garrylar boldy.
Ukrainalylar Polşanyň serhet geçelgelerine pyýada, awtoulagly we otly bilen geldiler, Polşanyň häkimiýetleri we meýletinçiler olara azyk we gyzgyn içgi hödürlediler.
Polşa, Slowakiýa, Wengriýa, Rumyniýa we Moldowa geçilýän serhet geçelgeleriniň käbirinde ulag hatarlary birnäçe kilometre çenli uzady.