Saud Arabystany bir günde 81 tussagy jezalandyryp öldürendigini aýdýar
Saud Arabystany adam öldürmekde we söweşiji toparlara degişlilikde günäli tapylan 81 tussagy jezalandyrandygyny aýdýar.
Saud Arabystanynyň döwlet eýeçiligindäki metbugat gullugy 12-nji martda ölüm jezasy ýerine ýetirenleriň arasynda "Al-Kaida", "Yslam döwleti" we "Hutiler" ekstremist toparlarynyň hem agzalarynyň bardygyny, olaryň möhüm ýerlere hüjüm guramakçy bolandyklaryny we ýarag gaçakçylygy bilen meşgul bolandygyny aýtdy.
Bu patyşalygyň ýakyn taryhynda ölüm jezasynyň şeýle köpçülikleýin ilkinji gezek ýerine ýetirilişi bolup görünýär.