Maryly býujet işgärleri ýeralma tohumy üçin pul goşup, ekişe gatnaşmaga mejbur edilýär
![Maryly býujet işgärleri ýeralma tohumy üçin pul goşup, ekişe gatnaşmaga mejbur edilýär](https://gdb.rferl.org/6BAC0354-BB10-4DF1-8A76-CA204CB057F3_w800_h450.jpg)
Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň tas ählisinde işgärleriň her birinden ýeralma tohumyny satyn almak üçin 50 manat pul tabşyrmak talap edilýär. Şeýle-de, her edaradan 10 adam ýeralma ekişine mejbury iberilýär.