"Talyban" owgan gyzlarynyň mekdebini gaýtadan açyp, birnäçe sagat soň ýapdy
"Talyban" 23-nji martda, Owganystandaky gyzlar mekdebi gaýtadan açylandan birnäçe sagat soň, yslam kanunlaryna laýyk gelýän meýilnama taýýarlanýança diýip, olaryň ýene ýapylmagyny buýurdy.
Owganystanyň Bilim ministrligi geçen hepde, uly klas okuwçylary üçin ençeme aý dowam eden çäklendirmelerden soň, ýurtdaky orta mekdepleriň 23-nji martda ähli okuwçy, şol sanda gyzlar üçin gaýtadan açyljakdygyny yglan etdi.
Bilim ministrliginiň metbugat sekretary 22-nji martda okuwçylaryň ählisiniň klaslara dolanyp gelmegini gutlap, wideo ýaýratdy.
Emma muňa garamazdan, Bilim ministrliginiň 23-nji martdaky habaryna görä, yslam kanunlaryna we owgan medeniýetine laýyk gelýän meýilnama taýýarlanýança, gyzlaryň okaýan mekdepleri ýapyk galar.
"Talybanyň" metbugat wekili Inamullah Samangani bu maglumaty tassyk etdi. Ol AFP habar gullugyna "Hawa, bu çyn" diýdi.