Ukraina basybalyjylara berk gaýtawul berýär, Kreml ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýar
Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol portunda we Kiýewiň töwereginde barýan gazaply söweşler arasynda Kreml, metbugat wekiliniň beýanatynda aýdylan "howpa” salgylanyp, ýadro ýaragynyň ulanylmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmady. Bu beýanat Pentagonyň berk tankydyna sezewar boldy.
Dimitriý Peskow ýadro ýaraglary barada gürrüň edende, häzirki milli howpsuzlyk konsepsiýasyna salgylandy.
“Şol ýerde siz ýadro ýaragyny ulanmagyň ähli esaslary barada okap bilersiňiz. Ýurdumyzyň barlygyna howp abanýan bolsa, konsepsiýa laýyklykda, ol ulanylyp bilner” diýip, Peskow konsepsiýada ýene birnäçe sebäbiň görkezilendigini belledi.
Uruşdan ozal 400 müň ilaty bolan, emma häzir harabalyga öwrülen Mariupolda müňlerçe parahat ýaşaýjy öldi we köp adam şäherden howpsuz ýere çykmaga çalyşýar.
Russiýa soňky iki hepdäniň dowamynda Azow deňziniň boýundaky möhüm portuň daşyny gabamaga çalyşýar we netijede Mariupol şu wagta çenli 24-nji fewralda başlanan urşuň iň dartgynly söweş meýdanyna öwrüldi.
Mariupolyň goragçylarynyň aldym-berdimli söweşe girmegi bilen, Ukrainanyň Goranmak ministrligi ukrain goşunlarynyň gazaply gaýtawul berip, Kiýewiň etegindäki Makariwe gelen rus goşunlaryny yzyna serpikdirendigini habar berdi.
Eger bu tassyklanylsa, gazanylan üstünlik ukrain goşunlarynyň strategiki ýoluň gözegçiligini gaýtadan ele almagyna we ruslaryň Kiýewi demirgazyk-günbatardan gabamak synanyşyklaryna päsgel bermegine ýol açar.
Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi Moskwanyň ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygy baradaky sözlerini "howply" diýip atlandyrdy.