Nazarbaýewiň ýegeniniň gözegçiligindäki kompaniýalaryň ýolbaşçylary tussag edildi
Milliarder we Gazagystanyň öňki prezidentiniň ýegeni Kaýrat Satybaldyuly tarapyndan dolandyrylýan iki kompaniýanyň ýolbaşçylary, döwlet gaznalaryna el urmakda aýyplanyp, deslapky tussaghana iberildi.
Bu maglumat Gazagystanyň korrupsiýa garşy gullugynyň Telegram kanalynda çap edildi.
Döwlet edarasynyň habaryna görä, derňew wagtynda Satybaldyuly tarapyndan dolandyrylýan demir ýol ulgamlarynyň eýeleriniň eden ogurlyklary barada goşmaça deliller ýüze çykaryldy.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary tussag edildi we deslapky tussaghana ýerleşdirildi.
Habarda aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän adamlar, döwlet edaralarynyň wezipeli emeldarlarynyň kömegi bilen, ýurduň ulag ýollarynyň hyzmatlarynyň nyrhyny esassyz artdyrmak arkaly millionlarça dollar girdeji alyp, raýatlaryň durmuş, üpjünçilik goldawy hyzmatlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolupdyr.
Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uly ýegeni Kaýrat Satybaldyuly, “Forbes Gazagystanyň” habaryna görä, ýurduň iň täsirli telekeçileriniň sanawyna girýär.