Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Polisiýa jerime salýar, IIM-gi ulagy tiz sürmezlik we ota basmazlyk barada SMS arkaly duýduryş edýär

Türkmen polisiýa işgärleri ýollardaky ýagdaýa gözegçilik etmek, ulaglaryň tizligini ölçemek we sürüjilere jerime saklamak işlerini güýçlendirilen tertipde alyp barýar. Şol wagtda ýurduň Içeri işler ministrligi dürli düzgün bozulmalaryň jogapkärçiligi barada ilata habar berýär. Ilata ulag tizligine degişli düzgünleri bozmazlyk, ýollaryň gyralaryndaky gazon otlara aýak basmazlyk we pyýadalar üçin geçelgeleri ulanmak barada duýduryşlar SMS arkaly gowuşýar.

Polisiýa radar bilen köpçülikleýin ýollara çykdy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy tutulan sürüjilere pul jerimesi we 15 günlük awtoulagy jerime duralgasyna almak ýaly jezanyň berilýändigini habar berdi.

Azatlygyň Marydaky habarçysy hem polisiýanyň radar ulanyp geçirýän reýdleriniň köpelendigi habar berdi.

"Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri Mary welaýatynyň ähli etraplarynda diýen ýaly ýollarda reýd geçirýärler. Köplenç garaşylmadyk ýerlerde bukuda radar tutup oturýarlar" - diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şol bir wagtyň özünde ýollarda köplenç tizlik çägini görkezýän ýol belgileri ýok. Sürüjileriň özleri ýollarda tizligini sazlamaga mejbur bolýarlar. Iň kyn zat, tizlik çäginiň nirede 50 we nireden 60 kilometrdigni çaklamak kyn bolýar. Şeýle şertlerde ýol polisiýa işgärleri gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda gizlenýärler we tizligi radar bilen ölçäp, ähli awtoulaglary diýen ýaly saklaýarlar.

Habarçylaryň we çeşmeleriň sözlerine görä, düzgüni bozmakda aýyplanyp, saklanýan sürüjileriň köpüsi ulagyny jerime duralgasyna eltdirmezlik üçin para töläp gutulmaga çalyşýarlar.

"Şol ýerde 100 manat para berenler, resmi görnüşde jerime tölemezden goýberilýär. Ozal şuňa meňzeş düzgün bozma üçin para 10-dan 20 manada çenli bolupdy. Polisiýa hatda sürüjileriň dokumentlerini hem barlamaýardy. Indi olar hatda 50 manat almak hem islemeýärler. Şeýlelik bilen awtoulag saklanýar we awtoulag duralgasyna iberilýär, awtoulag eýesiniň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar we oňa resmi görnüşde jerime salynýar "- diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýerli çeşmeleriň biri bolýan ýagdaýlar barada gürrüň berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan awtoulag sürüjileri, ýollarda kadalaşdyryjy belgileriň bolmazlygynyň ýol düzgünlerini berjaý etmegi kynlaşdyrýandygyny bellediler. Emma olaryň sözlerine görä, polisiýa bu argumente üns bermeýär.

"Käbir ýol polisiýasynyň işgärleri etraplarda 50 kilometrden ýokary tizlikde hereket etmegiň gadagandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar ýol belgisinde tizlik 40 kilometr diýlip görkezilse, bu ýerde 50 kilometre çenli geçip bolýandygyny, emma 52 kilometr bolanda eýýäm 50 manat möçberde jerime we 15 günlük awtoulagyndan mahrum bolmak ýaly çäre sezewar edilmelidigini habar berýärler. Emma hiç ýerde ýol belgisi ýok"- diýip, Maryly awtoulag sürüjisi aýdýar.

Azatlyk Radiosy Marynyň polisiýa bölüminden we Içeri işler ministrliginden ýol hereketi düzgünleri barada resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Habarçylaryň sözlerine görä, şeýle-de polisiýa awtoulaglarda gara detallaryň, goşmaça antenanyň, çyralaryň, şeýle hem awtoulagyň içinde dürli zatlaryň we dogalaryň bolmagyna üns berýär we munuň üçin jerime salýar. Maşynyň öň aýnasynda diňe ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň suratynyň bolmagyna rugsat berilýär.

Mart aýynyň ahyrynda, Maryda hususy ulaglarda gazanç etmek bilen meşgullanýan awtoulag eýelerinden awtoulaglaryň aýnalarynyň sag tarapynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretini ýerleşdirmek talap edilip başlandy.

Şu günler, geçirilýän reýdler sebäpli awtoulag eýeleri talaplaryň köpelmeginden, düzgünleriň kesgitsizliginden zeýrenýärler we jerimeleriň has ulalmagyndan howatyrlanýarlar.

"Mundan ozal nädogry geýilen maska ýaly sähelçe ýalňyşlyk üçin awtoulaglar 7 günlük awtoulag duralgasyna äkidilýärdi we jerime salynýardy, soň ulag eýeleri köplenç resmi jerimeden daşary öz ulaglaryny yzyna almak üçin para hem töleýärdi. Para 1000 manata ýetýärdi. Indi bolsa, awtoulaglary tussag etmek möhleti 15 güne ýeten bolsa, paranyň möçberi näçe bolup biler? Awtoulag duralgasynda ulagyň saklanýan her bir güni üçin hem töleg tölenýär. Adamlar howsala düşýärler, köpüsi kyn ýagdaýa galýarlar. Maliýe ýagdaýy kyn adamlaryň, hiç kimde diýen ýaly pul ýok "- diýip, Marydaky çeşme aýdýar.

Ýerli awtoulag sürüjileriniň sözlerine görä, Marynyň polisiýasy we ýerli häkimýetler täze düzgünler we jerimeleriň mukdary barada resmi taýdan düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda, "Altyn Asyr" mobil operatorynyň abonentlerine ýurduň Içeri işler ministrliginiň tizlik çägini berjaý etmek barada duýduryş berýän SMS habary gowşup başlady.

Awtoulaglaryň tizligine gözegçilik etmekden başga-da, Içeri işler ministrligi pyýadalara gözegçiligi güýçlendirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi jemgyýetçilik ýerlerinde gazon otlaryna zeper ýetirmegiň we ol ýerde otumagyň gadagançylygy barada raýatlara habar berýär.

“Orient” ýarym resmi internet neşiriniň maglumatyna görä, Içeri işler ministrligi pyýadalaryň ýörite bellenen ýerlerde - pyýadala üçin ýödalarda we geçelgelerde hereket etmelidigini ýatladýar. Duýduryşlar raýatlara SMS arkaly ýetirilýär.

Iki hepdeden gowrak wagt bäri Türkmenistanyň halky dürli sebitlerde görlüp-eşidilmedik gözegçilik, jerime we çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Häkimiýetler bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Emma bu ýagdaý Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yzýany döredi. 7-nji aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow ozalky içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowy işinden aýyrdy we onuň ýerine Lebap welaýatynyň polisiýa bölüminiň müdiri Muhammet Hydyrowy belledi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Наталью Круглову назначили на должность псковского городского судьи



Жизнь

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Мать с ребенком упали с четвертого этажа в шахту лифта в Иванове

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

Опасное пике. Как накажут пилота, пролетевшего над трассой под Москвой

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети


Москва

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин объявил о начале сборки «Москвича» по технологии полного цикла



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Тимати

«По своей натуре девочка интеллигентная»: какой растет дочь Тимати с особенностями развития




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Анонс выпуска городской газеты «Деловой Новочеркасск» №17 (185)

«Бавария» победила «Вольфсбург» в 500-м матче Нойера в Бундеслиге

Турнир по бильярдному спорту «Кубок Мэра Москвы» продлится до 18 мая в столице


WTA

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России