Wekiller öýüniň agzasy Aşgabatda gurulýan ABŞ ilçihanasyna harçlanan serişdäniň öweziniň dolunmagyna çagyrýar
Şertnama baglaşylan wagtyndan bäri ýedi ýyl geçen hem bolsa, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň gurluşygy tamamlanmady, amerikan salgyt töleýjileriniň bu bina harçalanan çykdajylary bolsa 430 million dollardan geçdi diýip, Aşgabatda gurulýan ABŞ ilçihanasy barada soňky çykan habarda aýdylýar.
Wekiller öýüniň agzasy, Milli howpsuzlyk boýunça aşaky komitetiň başlygy, respublikaçy Stiwen F. Linç ABŞ-nyň Döwlet departamentini Aşgabatda gurulýan Ilçihana binasynyň gurluşygy wagtynda “Caddell Construction Co., LLC” kompaniýasyna salgyt töleýjileriň hasabyna tölenen millionlarça dollaryň öweziniň dolunmagy üçin çäre görmäge çagyrdy.
Linç öz hatynda dünýä ýurtlarynda ABŞ-nyň diplomatik desgalaryny gurýan gurluşyk kompaniýasynyň öz goýberen ýalňyşy üçin jogapkärçilik çekmelidigini, bolmasa onuň zyýanyny amerikan salgyt töleýjileriniň çekmeli boljakdygyny duýdurýar.
2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Döwlet departamenti Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde gurulmaly ilçihana binasyny taslamak we gurmak üçin Caddell kompaniýasyna 196 million dollarlyk şertnama berdi. Bu bina, 196 million dollar bahasy bilen, 2018-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanmalydy. Emma ol şindi hem tamamlanmady we taslamanyň umumy bahasy 430 million dollardan geçdi.
Doly derejede işleýän täze ilçihana binasynyň bolmazlygy ABŞ-nyň diplomatik amallaryna we Türkmenistandaky Amerikan ilçihanasynyň işgärleriniň howp-hatarsyz işlemegine ýaramaz täsir etdi diýip, metbugat üçin ýaýradylan beýanatda bellenilýär.
Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara jaýynyň gurluşygy türkmen kanunçylygynyň “gyzyl çyzyk” talaby sebäpli togtadyldy.