Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen haj zyýaratyny amala aşyrýar
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýunda Saud Arabystanynyň jedda şäherine geldi diýip, Saud Arabystanynyň döwlet habar agentligi SPA twitterde habar berdi.
Bu onuň 12-nji martda prezident saýlanaly bäri daşary ýurda eden ilkinji sapary bolýar.
Türkmenistanyň prezidenti Abdulaziz patyşanyň adyny göterýän halkara howa menzilinde iki mukaddes metjidiň halypasynyň geňeşçisi we Makge sebitiniň gubernatory, Şazada Halid Al-Faýsal tarapyndan garşy alyndy.
Şeýle-de, ýokary derejeli myhmany garşy almaga Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Saed bin Siwayed Alghamdi, beýleki birnäçe ýokary wezipeli adam gatnaşdy diýip, habarda bellenýär.
Bu habar häzirlikçe türkmen mediasynda peýda bolmady.