Owganystan: soňky ýigrimi ýylyň iň agyr ýer sarsgynynda azyndan müň adam öldi
22-nji iýunda gündogar Owganystanda bolan güýçli ýer titremede ölenleriň sany tas 1000 adama golaýlady diýip resmiler aýdýar. Soňky ýigrimi ýylyň iň erbet ýer sarsgynynda ölen adamlaryň sanynyň has ýokarlanmagy mümkin.
"Şu wagta çenli bizde bar bolan maglumatlara görä, 920 adam öldi we 610 adam ýaralandy" diýip, "Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Mawlawi Şarafuddin Muslim Kabulda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. "Bu maglumat deslapky maglumat we munuň ýokarlanmagy dowam etdirmegi mümkin" diýip, Muslim žurnalistlere aýtdy.
6,1 magnitudly sarsgyn Paktika we Host welaýatlaryna agyr täsir etdi.
Ýaralanan adamlary halas etmek üçin hem-de lukmançylyk serişdelerini we azyk önümlerini eltip bermek üçin dikuçarlar iberildi diýip, "Talybanyň" Içeri işler ministrliginiň resmisi Salahuddin Aýýubi aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkezi ýer titremäniň Host welaýatynyň 46 kilometr günorta-gündogarynda, Pakistan bilen araçägä golaý sebitde, 51 kilometr çuňlukda bolandygyny aýtdy.
Bu ýer titreme Owganystanda 2002-nji ýylda bolan we 1000 adamyň janyny alan 6,1 bal derejeli sarsgyndan bäri bolup geçen iň agyr sarsgyn boldy.