Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi

Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi

Türkiýäniň aklawçysy Gülden Sonmez Stambulyň Çaglaýan suduna ýüz tutup, birnäçe türkmen resmisine garşy jenaýat işini açmagy sorady. Türk aklawçysy, öz watanynda we Türkiýede dürli kynçylyklara, şol sanda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda pasport we beýleki resminamalary almakda kynçylyk çekýän türkmen raýatlarynyň adyndan çykyş edýär.

21-nji iýunda Çaglaýan suduna käbir müşderileri bilen baran aklawçy Gülden Sonmez türkmen raýatlarynyň duçar bolýan kynçylyklarynyň aradan aýrylmagyny we jogapkärleriň jogaba çekilmegini isledi. Onuň suda tabşyran arzasynda Türkmenistanyň öňki we häzirki resmileriniň 8-niň ady görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, içeri işler ministri Muhammet Hydyrow bar. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Türk aklawçysy sud binasynyň öňünde çykyş edip, türkmen häkimiýetlerini adam hukuklaryny bozmakda, gynamakda we "adamzada garşy jenaýatlarda" aýyplady we türk sudundan birnäçe ýokary derejeli türkmen resmisine garşy jenaýat işini açmak baradaky arzasyna garamagy isledi.

“Türkmenistan hökümetiniň tejribelerini tankyt edýän adamlar, hususan-da öz durmuşynda dürli kynçylyklara duçar bolýan adamlaryň tankytlary we talaplary, özge syýasy garaýyşlar, dürli syýasy aktýorlar Türkmenistanyň hökümetiniň dürli platformalarynda, hatda daşary ýurtlarda basyşlara sezewar bolýar. Eden-etdilikli tussag edilen adamlar, zorlukly ýitirim edilenler, aragatnaşyk ýiten adamlar, kazyýetden daşary jezalandyryş, agyr türme şertleri sebäpli ölümler, gynamalar we ýowuz daraşmalar ýaly bir topar jenaýata baş goşulýandygyny bilýäris. Prokuratura beren arzamyzda köp sanly suratlary, resminamalary, hatda Türkmenistanyň türmelerinde ölen adamlaryň atlaryny we bolan wakalary, Türkmenistanda ýitirilen adamlaryň maglumatlaryny, Türkiýede ýaşap ýören mahaly käbir türkmenistanlylar tarapyndan haýbat atmalara sezewar bolan adamlara degişli resminamalary, pasport we beýleki resminamalary, dogluş ýa-da nika şahadatnamalaryny alyp bilmeýändikleri sebäpli hüjüm we basyşlara sezewar bolýan pidalaryň subutnamalaryny we resminamalaryny kazyýete berdik” diýip, adwokat Gülden Sönmez aýtdy.

Türk aklawçysynyň arzasynyň Stambul suduna tabşyrylmagynyň yzýany türkmen aktiwistleri we olaryň aklawçylary binanyň öňünde žurnalistlere interwýu berdi. Jemlenen on töweregi aktiwist türkmen baýdaklaryny we “Döwlet adam üçindir. Häkimiýetler ýüzüni halka tarap öwürmeli "," Hereket azatlygy hukukdyr"," Söz we pikir azatlygy"," Pasport almak hukugymyzy beriň" ýazgyly şygarlary göterip durdular.

Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa jemgyýetçilik toparlarynyň edýän bu tagallalary arkaly adalatyň ýol tapjakdygyna umyt baglady:

"Biz adalat ýerini tapar diýip, umyt edýäris. Näçe ýyldan bäri türkmen režimi Konstitusiýany bozup gelýär. Daşary ýurtlardaky aktiwistleriň öz seslerini häkimiýetlere eşitdirmek üçin edýän hereketlerini basyp ýatyrmak üçin olaryň öýlerine baryp, maşgalalaryna azar berip gelýärler. Biz Türkiýäniň kazyýetine barmaga mejbur bolduk, sebäbi [Türkmenistan] öz seslerini häkimiýetlere eşitdirmek üçin hereket eden aktiwistleriň hemmesini yzarlap, basyş edip, ýene bir gezek konstitusiýany bozup, olary aldawçy, watan dönügi, terrorist diýip yglan etdi. Näçe gezek bizi şeýle aýyplamalar bilen deportasion lagere iberjek boldular, türk häkimiýetlerine bizi garalajak boldular. Şonuň üçin biz bu herekete geçmäge mejbur bolduk” diýip, Dürsoltan Taganowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmen raýatlary ençeme ýyl bäri pasportlaryny uzaltmakda we Türkiýede kanun esasda ýaşamak üçin zerur dikumentlerini düzetmeke kynçylyk çekýärler. Türkmen raýatlary, Türkmenistanyň Stambuldaky Konsullygynyň esasy dokumentleri, şol sanda nikalaşmak üçin zerur bolan resminamalary we täze doglan çagalar üçin dokumentleri almak üçin zerur kagyzlary bermekden ýüz öwrýändigini aýdýarlar. Bu bolsa türkmenleriň esasy hukuklarynyň Türkiýedäki türkmen resmileri tarapyndan bozulýandygyny aňladýar. Şeýle-de, türkmen raýatlary öz ýurdunda we daşynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan dürli basyşlara sezewar bolýandygyny habar berýärler.

Türk häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, Türkiýede kanun esasda birnäçe ýüz müň türkmen raýaty ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sany birnäçe esse köp, Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenistanlylaryň köpüsi dokumentlerini düzetmekde çekýän kynçyyklary zerarly bikanun ýagdaýda ýaşaýar.

Türkmenistanyň hökümeti migrasiýanyň möçberini we problemalaryny görkezýän resmi sanlary çap etmeýär.

Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady kynçylyklar, ýokary işsizlik we ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi sebäpli ýüzlerçe müň türkmen raýaty beýleki ýurtlara işlemäge gitdi. Türkmenistandan daşary ýurtlara zähmet migrasiýasynyň esasy ugry Türkiýe bolup durýar, sebäbi bu ýurt türkmen raýatlaryndan wiza talap etmeýär.

Bir gün öň 20-nji iýunda Bütindünýä bosgunlar gününe gabat Stambulda türk we türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Çärä gatnaşanlar türkmen raýatlarynyň Türkmenistanda we onuň daşynda duçar bolýan kynçylyklaryny gumanitar krizisi diýip atlandyrdylar we jemgyýetçiligi türkmen migrantlarynyň meselesine üns bermäge çagyrdylar.

Stambulda Fatih etrap häkimliginiň Zübeyde Hanym medeni merkezinde geçirilen bu ýygnaga ençeme jemgyýetçilik guramanyň wekili gatnaşdy: "Mazlumder" guramasynyň başlygy Kaýa Kartal, "Özgürder" guramasynyň prezidenti Rydwan Kaýa, IHH Gumanitar kömek gaznasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Mustafa Özbek, UMHD-iň prezidenti Abdullah Resul Demir, Adwokatlar birleşiginiň aklawçysy Mehmet Ridwan Arslan, şeýle-de Türkmenistanyň käbir raýatlary we olaryň aklawçysy Gülden Sönmez. Bu barada SonDakika neşiri habar berdi.

Türkiýede Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak boýunça edilýän tagallalary barada türk metbugatynda giňden habar berildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri öz halkynyň kynçylyklaryny, şol sanda migrasiýa we ykdysady problemalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.

30 ýyl bäri Türkmenistanda başgaça pikirdäkilere berk gysyş görkezilýär, garaşsyz syýasy we jemgyýetçilik guramalary gadagan edilýär we metbugat azatlygy çäklendirilýär. Türkmenistanyň raýatlary ýurduň içinde we daşynda islendik tankyt ýa-da aç-açan nägilelik üçin yzarlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Двоим железнодорожникам Архангельской области объявлена благодарность Президента России



Мир

Первый лазертаг на Самуи






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

Легковушка и две «Газели» загорелись на юге Москвы

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» и все правительства могут отменить либо собрать все налоги!


Москва

В театре «Модерн» состоялась премьера моноспектакля «Исповедь счастливой женщины. Эдит Пиаф»






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин поздравил Мишустина с назначением на должность премьер-министра РФ



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Кристина Орбакайте

Выжидала момент: Орбакайте решила лишить Никиту Преснякова части наследства




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Спартак" обыграл "Краснодар" и продлил беспроигрышную серию до 7 матчей при Слишковиче

ЦСКА обыграл «Зенит» в Санкт-Петербурге впервые за 13 лет

В столице на фестивале «Московская весна» на Коптевском бульваре проходят спортивные конкурсы


ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Чижевская, вышедшая замуж за приемного сына, сдала его в психушку



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России