Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Awazada täze kottežleri gurýan firmalar öz işgärlerine üç aý bäri hak tölemeýär

Awazada täze kottežleri gurýan firmalar öz işgärlerine üç aý bäri hak tölemeýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurtda täze desgalaryň gurluşygynyň depgini gowşamaýan mahaly, "Awaza" syýahatçylyk zolagynda täze myhmanhanalar toplumyny gurýan firmalar öz işgärleriniň zähmet haklaryny indi üç aý bäri tölemeýärler.

"Biz zähmet haklarymyzy mart aýyndan bäri alyp bilmeýäris. Iki firmanyň ýolbaşçylary bizi ýalan wadalar bilen işledýär" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran gurluşyk işçisi 24-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Zähmet haklaryny alyp bilmeýän gurluşyk işçileriniň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, aýlyk alyp bilmeýän işçileriň anyk sany belli däl.

"Hususy gurluşyk firmalary aýlyklaryň tölenmezliginiň sebäplerini "döwlet tarapyndan pul geçirilmeýändigi" bilen düşündirýärler. Ýurtda iş tapmagyň gaty kyndygy sebäpli, hemmeler alaçsyz işläp ýör" diýip, ýene bir işçi aýtdy.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän gurluşyk firmalarynyň doly atlary bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar. Redaksiýamyz firmalar bilen habarlaşyp, kommentariýa hem alyp bilmedi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu firmalar we olaryň işçileri ilat arasynda "Awaza 2" diýlip atlandyrylýan täze myhmanhanalar toplumynyň gurluşygyny amala aşyrýarlar.

Bu toplum "Rowaç" we başga-da ýüzlerçe kottežler toplumyny öz içine alýar. Täze myhmanhanalar toplumy “Tolkun” ýahta-klubunyň golaýynda, Awazanyň günbatar böleginde gurulýar.

Resmi metbugatyň 2018-nji ýylyň iýunynda beren maglumatynda Awazada, deňziň kenarynda 1080 orunlyk 63 sany täze kottež toplumyny gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Şeýle-de, habarda toplumyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýän kärhanalaryň paýlary esasynda gurulýandygy hem aýdyldy. Ýöne Azatlyga häzirki gürrüňi edilýän toplumyň dört ýyl mundan ozal planlaşdyrylan kottež toplumymy ýa-da däldigini anyklamak başartmady.

Habarçymyz toplumyň gurluşygyna girişileni bäri dört sany gurluşyk firmanyň işçileriň zähmet haklaryny bermän, gurluşygy tamamlaman, öz işlerini taşlap gidendigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol firmalar hem, munuň sebäplerini "döwlet tarapyndan özlerine pul geçirilmeýändigi" bilen düşündirdirler.

Gurluşyk işçileri toplumyň gurluşygyna başlan we häzirki wagtda dowam etdirýän firmalaryň "prezidentiň ýakyn töweregine degişli adamlaryň eýeçiligindedigini" aýdyp, adatça bu firmalaryň işçileriň aýlyklaryny öz wagtynda berendigini hem belleýärler.

"Ykdysady krizis bu firmalara hem zarba urana meňzeýär" diýip, balkanly işçi aýtdy.

Soňky ýyllarda öz garaşsyzylygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi bilen bagly ýagdaý ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şeýle-de, ýurtda raýatlaryň zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar saklanyp galýar. Ýurduň dürli sebitlerindäki bankomatlarda nagt pul köplenç tapdyrmaýar.

Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky karar öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçen ýylynda, 2007-nji ýylda kabul edildi. Şondan bäri bu zolagyň gurluşygy üçin milliardlarça dollar sarp edildi.

Synçylar ýapyk Türkmenistanyň ýurda az daşary ýurt syýahatçysyny çekmekde tanalýandygyna we ykdysady kynçylyklar sebäpli, içerki syýahatçylygyň gowuşgynsyzdygyna ünsi çekip, gurulýan myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Наталью Круглову назначили на должность псковского городского судьи



Жизнь

Семинар-экскурсия "Современное освещение"






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

Роскошь по-советски: история создания самой популярной люстры СССР «Каскад»


Москва

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин: Услугами и сервисами mos.ru москвичи воспользовались 4 миллиарда раз



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Урганта и Смехова исключили из концерта памяти Окуджавы: Вдова барда извинилась - в том числе, за проведение события




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Независимый фантастический триллер из девяностых

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ


Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Диетолог Соломатина рассказала о пользе и вреде вареных раков



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России