Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmen esgerleriniň goşun gullugyny soňlamagy näçä durýär?

Türkmen esgerleriniň goşun gullugyny soňlamagy näçä durýär?

Türkmenistanda esgerleri goşuna almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýär. Bu aralykda goşundaky korrupsiýa barada habar berilýär. "Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiriniň habaryna görä, goşun möhletini tamamlan esgerleriň öýlerine goýberilmegi maliýe çykdajylary göz öňünde tutýar.

Esgerler harby bölümi terk etmezden ozal harby eşiklerini, şol sanda içki geýimlerini yzyna gaýtarmaly we egin-eşik hem-de arassaçylyk enjamlary üçin 270 manat tölemeli diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, bu mukdardaky pul esgerleriň gulluk döwründe ýerine ýetiren işine we harby derejesine görä, olara aýda 90-dan 100 manada çenli tölenmeli puldan saklanyp alynmaly. Galan pullar olaryň bank hasabyna geçirilmeli. Esgeriň hasaby bolmasa, agzalan pul onuň ene-atasynyň hasabyna ugradylmaly.

"Türkmenistanyň Hronikasy" harby bölümiň komandirine 1000 manat para berip, ene-atalaryň öz ogluny "Harby zapasa goýbermek we harby gulluga çagyrylmak" baradaky kararyň metbugatda çap edilmeginiň ertesi öýlerine äkidip bilýändigini habar berýär we bolmasa, esgeriň harby bölümde ýene 1,5-2 aý saklanyp bilýändigini belleýär.

Şeýle-de, neşir Daşoguzdaky harby bölümde gulluk eden bir ýigide salgylanyp, resmi däl ýagdaýda esgerleriň "däp boýunça" nobatçy we garawul gözegçilik nokadyna azyndan 200 manat sowgat bermelidigini ýazýar.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli geçirilýär. Çeşmelere görä, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýrugy esasynda iki ýyllyk harby gullugyň möhletiniň gutarýan senesi esgeriň gulluga başlan ilkinji gününden hasaplanýar. Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde gulluk möhleti iki ýyldan ybarat.

Iýun aýynyň başynda, Türkmenistanyň günortasyndaky serhet goşunlarynda gulluk eden onlarça esgeriň möhletiniň gutaran wagtynda öýlerine gaýdyp bilmändigi belli boldy.

Azatlyk Radiosy bilen adynyň efirde tutulmazlygy şertinde gürleşen birnäçe esgeriň ene-atasynyň sözlerine görä, ýerli resmiler esgerleriň öýlerine goýberilmeginiň uzaga çekilmegini harby häkimiýetleriň demir ýol ulaglaryny wagtynda üpjün etmezligi bilen baglanyşdyrypdyrlar.

“[Maryda] Owganystan bilen ýakadaky Serhetabadyň harby bölüminde gulluk geçen oglumyzyň öýüne ugradylmaly möhleti eýýäm üç gezek süýşürildi. Çagamyzyň komandirleri onuň ilki tomusa çenli, soňundan hem iýunyň 5-ne, soňra-da 10-na ugradyljakdygy barada ençeme tapgyr söz berdiler. Indi bolsa, transportyň heniz hem ýokdugyny aýdyp, perzendimiň ýa 25-nji ýa-da 29-njy iýunda Türkmenabada ugradylyp bilinjekdigini aýtdylar” diýip, lebaply ene-atalaryň biri 10-njy iýunda anonimlik şertinde Azatlyga gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Lebap welaýatynda serhet harby bölümlerinde gulluk edýän ogullaryna birnäçe hepde garaşýan maşgalalaryň ençemesi bar.

24-nji martda prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda, gulluk möhletleri dolan harby gullukçylary 2022-nji ýylyň aprel we iýun aralygynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmalydygy aýdylypdy.

Harby gulluk möhletini tamamlan esgerleriň öýlerine goýberilmeginiň yza çekilmegi öňem bolupdy. 2020-nji ýylyň güýzünde esgerleriň gullukdan boşadylmak möhletiniň gijä galmagy korrupsiýa bilen bagly bolandygy habar berlipdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary goşun gullugyny gutaryp gelen birnäçe esgerlere salgylanyp, harby bölümlerdäki komandirleriň esgerleri wagtynda öýlerine goýbermek üçin para alandyklaryny habar berdiler. Käbir ýagdaýlarda para bermekden boýun gaçyran esgerlere möhletden birnäçe aý giç "ýanwar aýynda öýlerine gitmäge rugsat beriljekdigi" duýdurylypdy.

Habarçylar şonda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň we Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň harby bölümlerinde gulluk eden birnäçe ýigit bilen söhbetdeş bolup, soralýan paranyň mukdarynyň 1000-den 3000 manada çenli, ýagny Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunda 285 dollardan 2850 dollar aralygyna ýetýändigini habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Наталью Круглову назначили на должность псковского городского судьи



Здоровье

Тихий инфаркт: Как распознать вовремя?






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СССР распался? Ужас!». Как любит Россию страна, где о нас ничего не знают

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» и все правительства могут отменить либо собрать все налоги!

Как надо ПРОДАВАТЬ СЦЕНАРИЙ, ПЬЕСУ, СИНОПСИС.

За спрос не дают: пациенты требуют вернуть доступ к жизненно важным лекарствам


Москва

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Мэр Москвы поблагодарил медсестер за профессионализм, трудолюбие и самоотдачу



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Что показывают в доме Окуджавы в Нижнем Тагиле: фоторепортаж и семейные истории к 100-летию барда. ФОТО. ВИДЕО




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

«Бавария» победила «Вольфсбург» в 500-м матче Нойера в Бундеслиге


Елена Рыбакина

Казахстан узнал еще одну печальную новость после сюрприза Рыбакиной



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


ЦСКА

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России