Türkmenistan Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmäge taýýarlanýar
Türkmenistanyň hökümeti 2025-nji ýyldan başlap ýurtda orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmegi maslahat etdi. Muňa laýyklykda, Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek göz öňünde tutulýar.
Ministrler Kabinetiniň 24-nji iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer Muhammetguly Muhammedow prezident Serdar Berdimuhamedowa "2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak we 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek" barada habar berdi.
Maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer munuň bilen bagly, "Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda" Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada hem durup geçdi.
"Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy" diýlip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.
Hökümet mejlisinde, şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hem teklip edildi.
Döwlet baştutany "häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini" belledi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistanda Döwlet býujeti 1 ýyllyk möhlet üçin işläp düzülýär.
Türkmen häkimiýetleriniň 2025-nji ýyldan başlap ýurtda orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek, ýagny Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek barada maslahat etmegi, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän mahalyna gabat gelýär.