ÝB-niň baş diplomaty togtan ýadro şertnamasyny maslahat etmek üçin Eýrana bardy
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrelliň Tähranda Eýranyň ýokary derejeli diplomaty bilen duşuşyp, 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyny global güýçler bilen gaýtadan dikeltmek baradaky gepleşikleri täzeden janlandyrmaga synanyşmagyna garaşylýar.
"Diplomatiýa şertnamanyň doly ýerine ýetirilmegine dolanmagyň we häzirki dartgynlygy aradan aýyrmagyň ýeke-täk ýoldur" diýip, Borrell Twitterde paýlaşdy. Onuň paýlaşan bu maglumaty, ÝB-niň Borrelliň iki günlük saparyny tassyklan mahalyna gabat geldi.
"Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara meseleler, şeýle hem sanksiýalary ýatyrmagyň iň soňky ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar. Bu sapar Eýran bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda dowam edýän geňeşmeleriň bir bölegi" diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh 24-nji iýunda irden aýtdy.
2015-nji ýyldaky şertnama laýyklykda, Eýranyň jedelli ýadro programmasyny çäklendirmeginiň öwezine Günbataryň Tährana garşy girizen sanksiýalary gowşadylypdy. Emma 2018-nji ýylda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şertnamadan çykanda, ylalaşyk çagşap başlady.
Soňra Waşington Tährana garşy berk sanksiýalary gaýtadan dikeldip başlady. Ýadro programmasynyň bomba ýasamaga gönükdirilendigini inkär edýän Eýran hökümeti hem, şertnamada görkezilen käbir borçnamalardan ýüz öwrüp başlady.