Özbegistanyň IIM-i Nukusdaky köpçülikleýin demonstrasiýany 'bikanun' hasaplaýar
Özbegiýanyň Içeri işler ministrligi 1-nji iýulda Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýa barada beýanat çap edip, bolup geçen wakanyň sebäbini "konstitusiýa özgertmeleriniň nädogry düşündirilmegi" bilen baglanyşdyrdy diýip, AÝ/ARnyň Özbek gullugy habar berýär.
IIM-ni maglumatyna görä, "jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagynyň we raýatlaryň dürli jenaýatlara ýüz urmagynyň öňüni almak maksady bilen daýhan bazarynyň çägine hukuk goraýjy edaralaryň güýçleri we serişdeleri çekildi”.
Özbek häkimiýetleri bolup geçen waka bilen baglylykda "käbir raýatlary" günäkärledi.
"Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerindäki jemgyýetçilik tertibi dikeldildi, raýatlar bilen kanunlaryň bozulmagyna ýol berilmejekdigi we raýatlaryň arza-şikaýatlaryna bellenilen tertipde garaljakdygy barada düşündiriş işleri geçirilýär" diýip, ministrligiň beýannamasynda bellenýär.
Emma muňa garamazdan, beýanatda demonstrantlaryň eden talaplary barada hiç bir zat aýdylmady.
Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bu beýanatyň özbek häkimiýetleri tarapyndan garagalpagystanlylaryň sosial ulgamlarda bildiren nägileliklerinden soň eden ilkinji resmi beýanaty bolandygyny belleýär.
Sosial ulgamlardaky nägileliklere düzediş girizilmegi teklip edilýän Konstitusiýanyň täze görnüşinde Garagalpagystan Respublikasynyň “özygtyýarlylygy” we “respublikanyň halkynyň ählumumy referendum esasynda bölünmek hukugy” baradaky sözleriň aýrylyp taşlanmagy sebäp boldy diýip, habarda aýdylýar.
Köpçülikleýin protestleriň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýerli aklawçy Dauletmurat Tajimuratowy alyp gidenden soň başlanandygy habar berildi.
Garagalpagystanly hukuk goraýjy aktiwist Azimbaý Atanyýazowyň "Ozodlik” radiosyna habar bermegine görä, Täjimuratow ýurduň konstitusiýasyna girizilýän üýtgetmeler barada 5-nji iýulda Nukusda parahat ýöriş geçirilmegine rugsat sorap, resmi guramalara ýüz tutdy.