Daniýa polisiýasy söwda merkezindäki ýaraglynyň üç adamy öldürendigini aýdýar
Daniýanyň polisiýasy Kopenhagendäki söwda merkezine ot açan ýaragly adamyň ýekelikde hereket edendigini we pidalaryny tötänleýin, çem gelen adamy oka tutmak ýagdaýynda saýlandygyny aýdýar.
Kopenhageniň baş polisiýa gözegçisi Soren Tomassen 4-nji iýulda derňewçileriň bir gün ozal bolan hüjümiň terror bilen baglanyşyklydygyna ynanmaýandygyny aýtdy.
Tomassen üç adamyň, iki daniýalynyň we bir rus raýatynyň öldürilendigini, iki daniýalynyň we iki şwesiýalynyň agyr ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.
3-nji iýulda Kopenhageniň günortasyndaky söwda merkezinde başagaýlyk döreden atyşykdan soň 22 ýaşly daniýaly erkek tussag edildi.
Güman edilýän 4-nji iýulda kazynyň soraglaryna jogap bermeli bolar.
Daniýanyň polisiýasy 4-nji iýulda bu adamyň ruhy saglyk gulluklaryna tanyşdygyny aýtdy.
"Biziň güman edýän erkegimiz psihiatrik hyzmatlaryň arasynda-da tanalýar, şundan aňryk düşündiriş bermek islemeýärin" diýip, Romassen metbugat ýygnagynda aýtdy.