ABŞ-nyň 4-nji iýul paradynda bir ýaragly alty adamy öldürdi
ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni paradynda Çikagionyň daşyndaky baý etrapda, Highland Parkda ýygnanan adamlar oka tutulanda alty adam öldi.
Polisiýa şübhe bildirilýän adamy tussag etdi.
Awtoulagly kowalanyp saklanan 22 ýaşly Robert Krimo ‘hiç bir hadysasyz’ tussag edildi diýip, Highland Park polisiýasynyň başlygy Lou Jogmen žurnalistlere aýtdy.
Atyşyk wagtynda ol "gyzyklanma döredýän şahs” hasaplanyldy, ýöne tussag edilenden soň, polisiýa onuň bu işde jogapkärdigine ynanýandygyny aýtdy.
Adatdan daşary ýagdaý resmileri ýigrimiden gowrak adamyň, şol sanda çagalaryň ok ýarasyndan bejergi alandygyny aýtdylar. Ýaraly bolanlaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.