Türkmen DIM-niň başlygy Aşgabatdaky amerikan ilçisi bilen howpsuzlyk taslamalaryna seretdi
5-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, türkmen DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit ähmiýetli mowzuklar boýunça pikir alşyldy, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, söhbetdeşler aýratyn hem howpsuzlyk bilen baglanyşykly "birnäçe taslamalara seretdiler" diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy geňeşmeler işiniň netijeliligini mälim edip, bu ugruň ösdürilmegine taýýardyklaryny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şol sanda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler hem maslahatlaşyldy.
Türkmen ministri amerikan ilçisiniň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň Türkmenistanyň täsin taryhy mirasyny gorap saklamak işine goşan goşandyna ýokary baha berdi.
Söhbetdeşleriň ikitaraplaýyn bilim ulgamy baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryna giňişleýin seredendigi aýdylýar, emma detallar açylmaýar