Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Maryda döwlet işinden gitmek isleýänler "köpelýär"

Maryda döwlet işinden gitmek isleýänler

Soňky aýlarda Mary welaýatyndaky döwlete degişli edara-kärhanalarda işleýän işgärleriň arasynda işden çykýan ýa-da işden çykmagy meýilleşdirýän raýatlaryň sany göz-görtele köpelýär. Muňa ýurduň maliýe ulgamyndaky nogsanlyklar, yzy üzülmeýän köpçülikleýin mejbury çäreler we yzygiderli talap edilýän mejbury pul goşantlary sebäp bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Habarçymyz bu barada býujet işgärleriniň we döwlet işinden çykan raýatlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy. Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan raýatlar häzirki syýasy we agyr ykdysady şertlerde döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekmek tejribesiniň barha öz ähmiýetini ýitirýändigini gürrüň berdiler.

"Bankomatlarda nagt tapdyrmaýandygy sebäpli bank kartyňa geçirilen aýlygyňy bir aýyň dowamynda zordan nagtlaşdyryp bolýar. Şeýle-de, dürli bahalar bilen pul çöplemek, mejbury çärelere gatnaşmak ýaly talaplaryň hem yzy üzülmeýär. Gelýän barlagçylaryň çykdajylary hem işgärleriň üstüne ýüklenýär. Soňky ýyllarda bu mejburlyklar has-da köpelip, nogsanlyklar ýitileşdi" diýip, ýakynda mugallymçylyk kärini taşlap, hususy tikinçilik kärhanalarynyň birinde işe başlan maryly zenan aýtdy.

Öňki bilim işgäri yzygderli ýygnalan pul toplamak çäreleri üçin "her aý zähmet hakynyň dörtden bir bölegini ýolbaşçylara bermeli bolandygyny" hem belledi.

"Alýan aýlygyň hojalygyňa ýetmeýär. Býujet işgärleriniň köpüsi bergide ýaşaýar. Olar aýlyga gün görüp bilmän, banklardan kredit alýarlar ýa-da elden karz alýarlar. Berilýän aýlyklar edilýän işler üçin az bolýar" diýip, öňki bilim işgäri sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Hususy kärhanalarda, döwlet edara-kärhanalaryna garanyňda, tutumlar, pul ýygnamak ýa-da köpçülikleýin çärelere gatnaşmak mejburylygy bolmaýar. Işlän günüňe görä aýlyk berýärler. Häzir döwlet işinden çykyp, Aşgabatdaky gurluşyk firmalarynda işlemäge gidýän erkek adamlaryň sany hem göz-görtele köpeldi" diýip, öňki bilim işgäri sözüni jemledi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly býujet işgärleriniň başga-da ençemesi hususy kärhanalarda iş gözleýändiklerini we döwlet edarasyndaky wezipelerinden aýrylmagy meýilleşdirýändiklerini gürrüň berdiler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, başga-da köp býujet işgäri daşary ýurtlara işlemäge gitmäge taýýarlanýar.

"Şol ýerden hojalygymyza pul ugradyp, çagalarymyzyň geljegine bir azajyk bolsa-da, goşant goşup bilsek bolýar. Indi köpler ýollaryň açylmagyna, halkara uçar gatnawlarynyň doly dikeldilmegine garaşýar" diýip, bir maryly býujet işgäri aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny geçen aýyň başynda gaýtadan dikeldip başlan bolsa-da, heniz ony doly güýjünde ýola goýmadylar.

Maryly býujet işgäriniň sözlerine görä, hojalyklaryny eklemek üçin ujypsyzja aýlyga kaýyl bolup oturýan býujet işgärleri hem bar. "Olar bu işi ýitirsek maşgalamyzy nädip ekläris diýýärler. Edara ýolbaşçylary bu adamlaryň gorky-aladasyndan peýdalanyp, işden çykarmak howpy bar diýip, olary gorkuzýarlar we ellerinden halal zähmet haklaryny alýarlar" diýip, maryly býujet işgäri belledi.

Türkmenistanda býujet işgärleri her ýyl döwlet tabşyryklary esasynda alynmaly pagtanyň otag, çürtüm we ýygym işleri, zeýkeşleri gazmak, şugundyr we ýeralma borçnamalary üçin pul bermäge mejbur edilýärler. Şeýle-de, olar bagçylyk möwsümlerinde oturdylýan ýaş nahallar üçin-de, köpçülik çäreleri, mejbury abuna bilen bagly hem goşmaça çykdaja galýarlar.

Üstesine-de, býujet işgärleri wezipe borçlaryndan başga-da, mejbury köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge we pagta ýygymyna gatnaşmaga hem mejbur edilýärler.

7-nji iýulda garaşsyz neşir "turkmen.news" Türkmenistanda býujet işgärleriniň öz wezipe borçlaryndan daşary, beýleki çärelere çekilýändigini görkezýändigi aýdylýan resminamany çap etdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda raýatlaryň iş we gazanç etmek üçin "ähli oňyn şertleriň döredilendigini" ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Muňa garamazdan, soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi has "gowy iş we gazan şertleriniň gözleginde" ýurdy terk etdi. Azatlygyň habarçylary, bu tejribäniň ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky alty ýyldan gowrak wagtyň dowamynda has-da güýçlenendigini aýdyp gelýärler.

Türkmen hökümeti soňky otuz ýylda syýasy-ykdysady ýa-da medeni sebäpler esasynda ýurtdan giden raýatlaryň anyk sanyny çap etmeýär. Emma ýurtdan syzyp çykan ygtybarly maglumatlar soňky on ýylda iki milliona golaý türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Наталью Круглову назначили на должность псковского городского судьи



Жизнь

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

В Санкт-Петербурге четыре рабочих пострадали на стройке из-за обрушения опалубки

«Утопить в нечистотах!» Маньяк «Златоустовский паук» появился спустя 16 лет

Педагоги из Якутии провели мастер-классы и игры на выставке «Россия» в Москве


Москва

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Мэр Москвы поблагодарил медсестер за профессионализм, трудолюбие и самоотдачу



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Динамо" может оформить чемпионский титул РПЛ 19 мая

«Бавария» победила «Вольфсбург» в 500-м матче Нойера в Бундеслиге

Независимый фантастический триллер из девяностых


Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России