Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistan Garlykdaky kombinaty guran “Belgorhimpromdan” $911 million talap edýär

Türkmenistan Garlykdaky kombinaty guran “Belgorhimpromdan” $911 million talap edýär

Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde çeken zyýanynyň $911 milliona deň bolandygyny kesgitledi. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri özüne düşen degişli dokumentlere salgylanyp habar berýär.

Çekilendigi aýdylýan zyýanyň hyzmatdaşlygyň anyk haýsy ugry boýunça ýetendigi gönümel aýdyňlaşdyrylmasa-da, munuň belarus tarapynyň 2017-nji ýylda Lebabyň Garlyk sebitinde guran dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty bilen baglydygyny çaklasa bolýar.

Ýatlatsak, Garlyk kombinatynyň düýbi türkmen we belarus prezidentleriniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň iýun aýynda tutulypdy, emma onuň ulanylmaga berilmegi birnäçe gezek yza süýşdi, taraplar bu gijikmede bir-birini aýyplady.

Galyberse-de, soňundan Garlyk kombinatynyň eýesi bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, habarlardan mälim bolşuna görä, potratçynyň bu kärhana boýunça öz üstüne alan işlerini doly berjaý etmändigini aýtdy, “Belgorhimprom” bolsa, taslamany doly tamamlandygyny, emma iş buýrujynyň edilen iş üçin doly tölegi geçirmändigini öňe sürdi.

Şol pursat, bu kombinat arkaly ýylda Hytaýa we Hindistana 1.2 million tonna dökün ibermek göz öňünde tutulýandygy aýdylsa-da, soňundan onuň “zyýana işleýändigi” bellenipdi. 2018-nji ýylyň resmi türkmen maglumatlaryna görä, kombinat göz öňünde tutulan ýyllyk önümçilik kuwwatynyň takmynan 2% töwereginde dökün öndüripdir.

Mundan soň, taraplar “mynasyp çykalga” tapmak barada ylalaşsalar-da, görnüşinden, türkmen gaznasyna 1,1 milliard dollara düşen bu desganyň üstündäki jedeller häzirki güne çenli hem çözülmän gelýär.

Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, Stokgolmyň Söwda palatasynyň Arbitraž edarasynda türkmen tarapyna dünýäniň iň iri ýuridiki şirketleriniň biri bolan “Squire Patton Boggs” wekilçilik edýär. Türkmenistan bu şirketi $9 milliona tutupdyr. Bellesek, Türkmenistanyň “Squire Patton Boggs” bilen işleşmekde eýýäm tejribesi bolup, mundan iki ýyl öň, bu şirket iki sany aýra-başga arbitraž işlerinde Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar beripdi.

Garaşsyz neşiriň ygtyýarlygyndaky dokumentlere laýyklykda, 2018-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistan birtaraplaýyn görnüşde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Belgorhimpormyň” arasyndaky şertnamany ýatyrypdyr we dekabrda bu iş bilen baglylykda Stokgolmyň arbitražyna arza bilen ýüz tutupdyr.

“SRK Consulting” we “PricewaterhouseCoopers” şirketleriniň geçiren tehniki we maliýe auditiniň netijesinde, “Squire Patton Boggs” şirketiniň ýuristleri “Belgorhimproma” $911 million möçberinde şikaýaty bildiripdirler.

Belarus tarapy bu şikaýaty ret edip, 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda $418 million möçberinde garşylykly arzany ýollapdyr. Mundan öň, ýagny 2019-njy ýylda belarus tarapy Türkmenistandan bu kombinatyň gurluşygy üçin $150 million möçberinde tölegi almandygyny öňe sürüpdi.

Turkmen.news arbitraž diňlenişiniň şu ýylyň fewralynda geçirilmeli edilendigini, emma munuň bilen baglylykdaky netije boýunça ne ýuridiki şirketiň, ne-de artbitražyň saýtynda häzirlikçe maglumat ýerleşdirilendigine ünsi çekdi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty belarus şirketi bilen dowam edýän bu jedelli iş barada asla maglumat bermeýärler. Bular barada Azatlygyň soraglaryna hem jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Mundan başga-da, soňky döwürde kombinatyň iş-önümçilik ýagdaýy, berýän önümi hakynda hem tasdan hiç bir maglumat berilmeýär.

Synçylar Türkmenistanyň soňky on ýyllykda ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek niýeti bilen guran we gurýan, milliardlarça dollar serişde harçlaýan desgalarynyň köpüsiniň ykdysady manysyny sorag astyna alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

За три месяца по гаражной амнистии оформлено 197 гаражей и 395 земельных участков



Мир

Раскрыт секрет моложавого вида Аллы Пугачевой: необычная методика удивляет






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Фитнес-эксперт Каневский: единоборства стали популярны среди женщин

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» и все правительства могут отменить либо собрать все налоги!

Гимнастки сборной Якутии примут участие во втором этапе спартакиады школьников России

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»


Москва

Сценарии для любого торжества, праздника, корпоратива - квесты, ролевые игры, конкурсы. Ищем авторов сценариев.






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о строительстве трех станций новой Троицкой линии метро



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Денис Мацуев

Праздник "На переднем крае", концерт Дениса Мацуева и выставка "Русская свадьба. Традиции и обряды": куда сходить в Туле и Тульской области 11 и 12 мая




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Врио губернатора Хабаровского края назначили 1-го вице-губернатора Александра Никитина

Независимый фантастический триллер из девяностых

«Бавария» победила «Вольфсбург» в 500-м матче Нойера в Бундеслиге


WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России