Garagalpagystan: tolgunyşyklardan soň özbek prezidentiniň diwanynyň başlygy işden boşadyldy
Özbegistanyň prezidenti, geçen hepde demirgazyk-günbatar Garagalpagystanda bolup geçen zorluklaryň yz ýany, öz diwanynyň başlygyny wezipeden boşatdy. Bu, Özbegistanda soňky 17 ýylda bolan iň zorlukly tolgunyşyk boldy.
Hökümetiň beýanatyna görä, Zainilobiddin Nizomiddinow “saglyk ýagdaýlary” sebäpli işden boşadylypdyr.
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň edarasy onuň işden boşadylmagy barada başga kommentariý bermedi.
49 ýaşly Nizomiddinow 2016-njy ýyldan bäri Mirziýoýewa ýakyn işleýärdi. Ol prezidentiň diwanynyň başlygy hökmünde güýçli syýasy şahs hasaplanýardy. Resmiler onuň ýurduň konstitusiýasyna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmelerde möhüm rol alandygyny Azatlyk Radiosyna aýdýarlar. Bu üýtgetmeler demirgazyk-günbatar Özbegistanyň çöllük sebitiniň, Garagalpagystanyň özygtyýarlygyny, hatda garaşsyzlyk mümkinçiliklerini, ýiti çäklendirýän üýtgetmeler hasaplandy.
Häzirki konstitusiýa “Garagalpagystan ýurt içinde özygtyýarly respublika we ol referendum geçirmek arkaly bölünip aýrylmaga hukukly” diýýär.
Konstitusion üýtgetmeler 27-nji iýunda yglan edilenden soň, sebit paýtagty Nöküsde we beýleki şäherçelerde nägilelikler başlandy.
Özbek prokurorlaryna görä, tolgunyşyklarda howpsuzlyk güýçleri bilen arada ýüze çykan çaknyşyklarda azyndan 18 adam, şol sanda dört polisiýa ofiseri öldürildi we 243 adam ýaralandy.