Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat – Minsk – Türkmenabat uçar gatnawyny amala aşyrdy

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat – Minsk – Türkmenabat uçar gatnawyny amala aşyrdy

18-nji iýulda Türkmenistanyň milli daşaýjysy Aşgabat – Minsk – Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmesi Türkmenistanyň bilen Belarusyň arasynda amala aşyrylan bu gatnaw bilen iki ýurduň arasynda kadaly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini habar berýär.

“Bu gatnaw her hepdäniň duşenbe güni amala aşyrylar. Bu uçar gatnawy [iki ýurduň arasynda ýola goýlan] ilkinji kadaly uçar gatnawy bolup, mundan öňküler ýörite çarter gatnawlary bolup durýardy. Minskden gelen ýolagçylar karantine alynýardy” diýip, ygtybarly çeşme howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Has ozal, hökümetçi neşirler 18-nji iýulda Minsk ugry boýunça amala aşyrylan uçar gatnawynyň çarter gatnawy boljakdygyny aýtdylar.

“Türkmenhowaýollary” agentligi Minsk ugry boýunça dowamly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini heniz resmi taýdan yglan etmedi.

Maglumat üçin aýdylsa, müňlerçe türkmenistanly talyp Belarusda ýokary bilim alýar.

Iýulyň başlarynda hökümetçi Turkmenportal.com neşiri 2021/2022-nji okuw ýylynda Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde 6 müň 600 töweregi türkmenistanlynyň bilim alandygyny habar berdi.

Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky uçar gatnawlary koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda togtadyldy.

Bu aralykda, daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan ýolagçylar öý şertlerinde izolýasiýada bolýarlar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýulyň başlarynda gaýtadan ýola goýlan dowamly howa gatnawlary bilen ýurda barýan ýolagçylaryň ýedi gün möhlet bilen öý şertlerinde izolýasiýada bolýandyklaryny habar berdi.

Iýulyň ortalarynda hökümetçi neşirler daşary ýurtlardan dolanýan raýatlaryň ýedi gün möhlet bilen öý şertlerinde izolýasiýada bolýandyklaryny habar berdiler. Galyberse-de, maglumata görä, öý şertlerindäki izolýasiýanyň möhleti daşary ýurtlarda gulluk saparynda bolup, ýurda dolanýan raýatlar üçin üýtgeýär. Olar üç gün möhlet bilen öý şertlerinde öz-özlerini üzňeleşdirýärler.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri dowamly gatnawlara degişli uçaryň ýolagçylarynda wirus anyklansa tutuş ähli ýolagçylaryň karantine alynýandygyny aýdýarlar.

“Eger kadaly gatnawlarda bir ýolagçynyň koronawirus testi pozitiw netije görkezse, onda ähli ýolagçylar karantin astyna alynýar. Şol sebäpden, ähli gatnawlar welaýatlara gondurylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy.

18-nji iýulda Minskden Türkmenabada dolanan ýolagçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özleriniň 120 manat pul töläp koronawirus testini tabşyrandyklaryny gürrüň berdiler. Şeýle-de, ýolagçylar özlerinde maýmyn mama keseliniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin elleriniň we aýaklarynyň gözden geçirilendigini aýdýarlar.

“Türkmenabada gonduk. Test aldylar. Maýmyn mama barmy-ýokmy gördüler, ellerimizi, aýaklarymyzy gördüler. Soňra 6 sagada golaý saklap, öýlerimize goýberdiler. 7 gün soň maşgala lukmanyna ýene-de koronawirus testini tabşyrmalydygymyzy ýatlatdylar” diýip, 18-nji iýulda Minskden dolanan bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, “Türkmenhowaýollary” maýyň ahyrynda Dubaý we Kazan ugurlary boýunça kadaly uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigini yglan etdi. Dubaý ugry boýunça uçar gatnawlary her hepdäniň duşenbe güni, Kazan ugry boýunça çarşenbe günleri amala aşyrylýar. Şeýle-de, iýulyň başlarynda Moskwa ugry boýunça hem hepdede iki gezek dowamly uçar gatnawlary dikeldildi.

Ýurda barýan uçarlar Türkmenabat ýa-da Türkmenbaşy halkara howa mezillerine gondurylýar.

Halkara çarter gatnawlary ýa-da dowamly gatnawlar öz ýolagçylaryny heniz Aşgabada daşap başlamady.

Öz çäginde koronawirus hadysalaryny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanyň hökümeti iki ýyl ozal global pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryny ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Архангельск обогнал города-миллионники по цене новостроек



Жизнь

Семинар-экскурсия "Современное освещение"






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями

Зачем подставлять лицо ветру и обходить огород 12 мая: приметы и запреты на день Девяти целителей

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» ПРАВИТ МИРОМ?! Раскрыт реальный смысл Мавзолея на Красной площади России в Москве.


Москва

Вильфанд: 9 мая стало самым холодным за историю наблюдений в Москве






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин принял решение увеличить фонд грантов одаренным учащимся школ искусств



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт "Две музы"




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Монсон заявил, что его спортивная карьера практически завершена

Фитнес прокачивает онлайн // Благодаря чему растет спрос на видеотренировки

Развод на договорных матчах: схемы, риски и пути предотвращения


Рафаэль Надаль

Рафаэль Надаль первым в истории тенниса выиграл 200 матчей на грунтовых «Мастерсах»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Baza: со счетов московского монастыря на Ордынке пропали более 26 млн рублей



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России