Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Watana dolanan haj zyýaratçylary Türkmenabatda karantine alyndy

Watana dolanan haj zyýaratçylary Türkmenabatda karantine alyndy

Türkmenistandan Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden türkmen raýatlary 22-nji iýulda ýurda dolandylar we dessine karantin zonasyna ýerleşdirildiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri habar berýärler.

Haj zyýaratçylaryny getiren uçar günüň ikinji ýarymynda, öýlän wagty Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroportuna gondy.

Aeroportdaky ygtybarly çeşmämiziň maglumatyna görä, 275 sany haj zyýaratçysy uçardan düşen badyna, goş-golamlary berlenden soň, Türkmenabadyň baş karantin zonasyna ýerleşdirildi.

"Olar bu ýerde ýedi gün karantinde saklanýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyny erjellik bilen inkär edýän türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli girizilen karantin çäklendirmelerini belli bir derejede gowşadan bolsa-da, daşary ýurtlardan gelen ýolagçylary ýedi gün möhlet bilen karantinde saklamak düzgünlerini öz güýjünde saklaýarlar.

Şu ýyl Türkmenistandan 275 adam 2-22-nji iýul aralygynda Saud Arabystanynda haj zyýaratynda boldy. Türkmenistanyň prezidentiniň 23-nji iýunda gol çeken permanyna görä, ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri haj zyýaratçylarynyň Saud Arabystanyna gidendigi baradaky maglumatlary 2-nji iýulda ilat köpçüligine ýetirdiler. Ýöne türkmenistanly zyýaratçylaryň 22-nji iýulda ýurda dolanandygy barada heniz habar bermediler.

Aşgabadyň aeroportundaky ygtybarly çeşmämiziň maglumatyna görä, türkmen mediasy haj zyýaratçylarynyň ýurda dolanandygy barada olaryň karantin möhleti tamamlanandan soňra habar bermegi meýilleşdirýär.

"Haj zyýaratçylary 28-nji iýulda Türkmenabadyň aeroportundan Aşgabada uçarlar. Olar Aşgabadyň halkara aeroportuna baranda, telewideniýä ýazgy düşüriler we "Watan" habarlary gepleşiginde haj zyýaratçylarynyň Saud Arabystanyndan ýurda dolanandygy görkeziler" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň we Aşgabadyň aeroportlaryndan hem-de “Türkmenhowaýollary” agentliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanly haj zyýaratçylary iki ýyl arakesmeden soň, has takygy 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Saud Arabystanynda bolup, haj parzyny berjaý etdiler. Saud Arabystany soňky iki ýyl bäri dowam edýän pandemiýa zerarly daşary ýurtlardan zyýaratçy kabul etmegi wagtlaýyn togtadypdy. Geçen ýyl patyşalyk haj zyýaratyny diňe sanjym edilen ýerli ilata elýeterli edipdi.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda diňe çäkli zyýaratçyny, takmynan 150-280 adamy döwlet ýardamy bilen haj parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.

Ýöne Saud Arabystanynyň türkmenistanly zyýaratçylaryň sany boýunça kesgitlän kwotasynyň birnäçe müň adamdan ybaratdygy habar berilýär. Hökümetçi "TurkmenPortal" neşiri aprelde Saud Arabystanynyň bu ýyl Türkmenistana 2 müň 83 haj kwotasyny berendigini habar berdi.

Galyberse-de, habarçylarymyz Türkmenistanda haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki para-berim barada hem her ýyl diýen ýaly habar berýärler.

17-nji iýunda haj zyýaratyna dalaşgär bir türkmenistanly “...zyýarata dalaşgärleriň sanawyna goşulmak üçin din resmileriniň, araçylaryň üsti bilen, özünden ilki “3 müň dollar, soňra 4-5 müň dollar möçberinde” “töleg” sorandygyny gürrüň beripdi.

Şu aýyň başynda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Lebap welaýatyndan haj zyýaratyna 44 raýatyň iberilendigini we olaryň aglabasynyň öňki wezipeli resmilerdigini ýa-da telekeçilerdigini anykladylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Архангельске девочка родила в ТЦ и бросила ребенка умирать в лесу



Здоровье

7 мая - День борьбы с бронхиальной астмой






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» ПРАВИТ МИРОМ?! Раскрыт реальный смысл Мавзолея на Красной площади России в Москве.

Доску памяти ветерану Нине Ершовой установили в Егорьевске

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" расшифровал смысл "ДНК В.И. Ленина".

RT: водитель упавшего в Мойку автобуса ранее работал контролёром и курьером


Москва

Представители народов Чувашии почтили память погибших в годы Великой Отечественной войны






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин сообщил о сбитом на подлете к Москве беспилотнике



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Страдающую аллергией Волочкову сильно покусали комары на Мальдивах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями

Фитнес прокачивает онлайн // Благодаря чему растет спрос на видеотренировки

Развод на договорных матчах: схемы, риски и пути предотвращения


WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

10 РЕДКИХ животных из Красной книги, которых можно встретить в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России