Ysraýyl Gazadaky “Yslam jihady” topary bilen ýaraşyk baglaşdy
Ysraýyl häkimiýetleri bilen "Yslam jihady" radikal toparynyň wekilleri ýaraşyk baglaşmak ylalaşygyna geldi. Ýaraşyk ýerli wagt bilen sagat 23: 30-da güýje girdi.
Palestinanyň Eýran tarapyndan goldanýan söweşiji topary, azyndan 36 palestinalynyň, şol sanda 11 çaganyň ölmegine we 300-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan üç günlük çaknyşygy bes etmek üçin Ysraýyl bilen ýaraşmak barada ylalaşandygyny aýtdy.
Ýaraşyk ylalaşygy baradaky habary ilkinji bolup AFP we AP habar gulluklary berdi, olar radikal toparyň ýokary derejeli agzasyna we Müsüriň aňtaw gullugyndaky çeşmä salgylandylar.
Kair parahatçylyk gepleşiklerinde araçy hökmünde çykyş etdi. Habar gulluklary ýaraşyk şertnamasynyň şertlerini aýtmaýarlar.
Ysraýylyň Goranmak güýçleri 5-nji awgustda “Daň säheri” operasiýasyna başlaýandygyny yglan etdi we onuň çäginde Palestinanyň Gaza zolagyndaky nyşanalara birnäçe raketa zarbasyny urdy.
Ysraýylyň tassyklamagyna görä, bu hüjümlerde “Yslam jihady” toparynyň iki serkerdesi, Taýsir al-Jabari we Halid Mansur öldürildi.
Palestinanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, bu hüjümlerde azyndan 36 adam, şol sanda 11 çaga öldi.
Ysraýyl goşuny öldürilenleriň köpüsiniň “Yslam jihady” toparynyň harby ganatynyň agzalarydygyny, ölenleriň käbiriniň Palestina tarapyndan atylan raketalara jogap hökmünde urlan zarbalar netijesinde ölendigini öňe sürdi.
Raketa hüjümleri netijesinde birnäçe ysraýyllynyň ýaralanandygy habar berildi.