Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanda ýene benzin gytçylygy emele geldi, ýangyjyň gara bazary peýda bolup başlady

Balkanda ýene benzin gytçylygy emele geldi, ýangyjyň gara bazary peýda bolup başlady

Ýangyja baý Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçen hepdäniň ahyrynda awtobenziniň gytçylygy emele geldi. Sebitdäki ýangyç guýujy beketler her bir awtoulag üçin benziniň möçberini 10-20 litr aralygynda çäklendirip başlady.  Munuň yz ýany, özbaşdak benzin söwdasy bilen meşgullanýan taraplar, ýangyjyň gara bazary peýda bolýar. Şol bir wagtda, sebitdäki şäherara we sebitara taksileriň bahasy gymmatlaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

“Geçen hepdäniň ahyrlarynda ýene benzin gytçylygy emele geldi. Indi ýangyç guýujy beketlerde her bir awtoulaga 10-20 litrden artykmaç benzin bermeýärler. Bu bolsa Türkmenbaşy – Aşgabat aralygynda gatnaýan taksileriň has-da azalmagyna we hususy öýlerde gymmat bahadan benzin satýan adamlaryň peýda bolmagyna getirdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.

Sebitde benzin gytçylygynyň ýüze çykmagy bilen peýda bolýan özbaşdak ýangyç söwdasy, benziniň gara bazary 1 litr benzin üçin 4 manat baha kesgitleýär.

Türkmenistanda bir litr benziniň resmi bahasy 2018-nji ýylyň fewralyndan bäri 1,5 manatlygynda saklanyp galýar.

“Ýangyç guýujy beketlerde benzin gytçylygynyň emele gelmegi bilen, uly ýola golaý öýlerde 1 litri 4 manatdan benzini söwdasyny edýän adamlar peýda boldy” diýip, sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýangyç gytçylygynyň sebitara taksileriň azalmagyna we içerki şäherara taksileriň bahalarynyň gymmatlamagyna getirendigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, käbir etraplaryň arasynda gatnaýan taksiler 170 göterime, sebitara taksiler 60 göterime çenli gymmatlady.

“Mysal üçin, Serdar – Bereket aralygyndaky ozal 50 manatlyk taksiler häzir 135 manada gatnap başlady. Türkmenbaşy – Aşgabat aralygynda gatnaýan taksiler hem 500 manatdan 800 manada çenli gymmatlady” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda emele gelen benzin gytçylygy dünýäde energiýa bahalaryndaky durnuksyzlygyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Bu aralykda, hökümetçi türkmen neşirleri awtoulag ýangyjynyň eksporty barada habar berýärler.

Turkmeportal.com özbek metbugatyna salgylanyp, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistana 11,7 million tonna benzin eksport edendigini habar berýär. Munuň bilen, Türkmenistan Özbegistana benzin eksport etmekde Russiýadan soň ikinji orunda gelýär.

“Nebit-gaz” neşiri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna salgylanyp, awgustyň birinji hepdesinde Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleriniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn alandyklaryny habar berýär. Ýöne söwda geleşikleriniň möçberini aýdyňlaşdyrmaýar.

Türkmenistan ýangyç serişdelerine baý döwlet bolup, British Petroleumyň 2021-nji ýyl boýunça çap eden hasabatyna görä, ýurduň 600 million barrele barabar subut edilen nebit gorlary bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkanda dörän benzin gytçylygynyň ýük ulaglarynyň we köpçülikleýin transport serişdeleriniň hem işini täsir edendigini habar berýär.

“Benzin gytçylygy sebäpli Balkanabatda ýük ulaglary we awtobuslar garažlardan çykarylmaýar. Işçiler näbelli möhlete çenli iş rugsadyna çykaryldy. Dizel hem ýok. Balkanyň resmileri ätiýaçdaky ýangyjyň ýetip gelýän pagta möwsümine beriljekdigini, ýangyjyň indi tygşytly ulanylmalydygyny we benzin zawodynda bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi 15-nji awgustda gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary iýulyň ortalarynda Balkanda benzin gytçylygynyň emele gelendigini habar berdiler.

GlobalPetrolPrices.com neşirine görä, Türkmenistan benziniň iň arzan resmi bahasy boýunça dünýäde Nigeriýadan soň sekizinji orunda gelýär.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, 2008-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda 1 litriň benziniň bahasy 80 teňňe töwereklerinde saklanyp galdy. 2016-njy ýylda 1 litr benzin 1 manada ýokarlandy. 2018-nji ýylda bu baha 1,5 manada çykdy.

4 manatdan satylýan bir litr benziniň Balkandaky gara bazar bahasy dollaryň resmi kursy boýunça 1,14 dollar, walýutanyň gara bazar nyrhy boýunça 20-25 sent töwereklerinde bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Архангельской области поезд “Воркута - Москва” столкнулся с автомобилем



Мир

Яркое лето с Angsana Velavaru






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» ПРАВИТ МИРОМ?! Раскрыт реальный смысл Мавзолея на Красной площади России в Москве.

Уехавший в Минск судья отверг обвинения в предательстве Польши

В Музее Победы назвали лучшие фильмы Международного фестиваля правильного кино

На москвича взяли крупный кредит под видом покупки его машины


Москва

Представители народов Чувашии почтили память погибших в годы Великой Отечественной войны






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин принял решение увеличить фонд грантов одаренным учащимся школ искусств



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Композитор

Композитор из рода Аксаковых. Часть 2




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

4 современных общественных пространства появятся на севере Москвы в 2024 г

Развод на договорных матчах: схемы, риски и пути предотвращения

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями


Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Симферополь

Мы продолжаем знакомить вас с артистами цирка Бурятии: Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России