Özbegistan we Täjigistan 26,5 million dollarlyk şertnama baglaşdy
Özbegistanyň we Täjigistanyň resmileri Surhandaryýa we Hatlon sebitleriniň häkimiýetleriniň we telekeçileriniň etjek hyzmatdaşlyklary boýunça 23 şertnama gol çekdi diýip, "Hovar" milli habar gullugy habar berdi.
Neşir bu şertnamalara gol çekişlik dabarasynyň geçen hepdäniň aýagynda guralan forumyň çäginde geçirilendigini aýdýar.
Ylalaşyklaryň arasynda özara düşünişmek jarnamasy we syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň “ýol kartasy” hem bar.
Mundan başga, dabarada 26,6 million dollarlyk önüm ibermek baradaky alty şertnama, maýa goýumlary taslamalary boýunça 15 şertnama gol çekildi.
Hökümetçi “Türmenportal” neşiri 10-njy awgustda Özbegistanda türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 174 kärhananyň döredilendigini habar berdi.
Neşiriň özbek prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, häzirki wagtda Özbegistanyň çäginde goňşy ýurtlaryň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda döredilen 1 700 sany bilelikdäki kärhana hereket edýär.
Şu aralykda Özbegistanyň Energetika ministrligi bilen Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginiň we Saud Arabystanynyň kompaniýalarynyň arasynda 12 milliard dollarlyk üç sany uly şertnama gol çekilendigi mälim boldy.
Resmi maglumata görä, Saud Arabystany Özbegistanda dünýäniň iň uly ýel elektrik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär