Nawalnyý türmede ikinji doglan gününi belledi
Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý zäherlenmeginiň ikinji ýyllygyna bagyşlap, sosial ulgamlarda onuň adyndan ýazgy çap edildi.
Nawalnyý "Özümiň ikinji doglan günümi ikinji gezek belleýärin. Bu olaryň meni öldüren güni, ýöne näme üçindir meni ölmedim" -diýdi.
Syýasatçy resmi derňewiň ýokdugyny, jenaýat işiniň açylmandygyny belledi.
Nawalnynyň sözlerine görä, janyna kast etmek synanyşygyna gatnaşan FSB işgärleriniň hemmesi diýen ýaly tapyldy we anyklandy.
"FSB toparyndan hiç kim jogapkärçilige çekilmedi. Diňe telefonda janyma kast etmek synanyşygynyň jikme-jikliklerini maňa aýdyp beren şowsuz himik Konstantin Kudrýawtsew bolaýmasa, ol ýitirim boldy we belki onuň özi-de öldürlen bolmagy mümkin" diýip, Nawalnyý aýtdy.
Syýasatçy, öz janyna kast etmek synanyşygy bilen baglanyşykly ýagdaýyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini paş edendigini, "režimiň şowsuzlygyny" görkezendigini we Russiýanyň tutuş syýasy ulgamyna uly täsir edendigini aýtdy.
"Bu, içki geýime 'Nowiçogy' ukypsyz sürtmekdir" diýip, Nawalnyý sözüni jemledi.
Alekseý Nawalny 2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda zäherlenipdi. Syýasatçy Tomsk-Moskwa uçarynda özüni erbet duýupdy. Nawalnyý üç hepde töweregi komada boldy.
Germaniýada bejergi alan wagty onda 'Nowiçok' toparyna girýän zäherli maddanyň yzlary tapyldy.
Derňew wagtynda "Bellingcat" topary we birnäçe habar beriş serişdesi FSB işgärleriniň bir toparynyň zäherlenmä gatnaşandygy barada netijä geldiler. Rus häkimiýetleri zäherlenmäniň hakykatyny inkär edýär, şol bir wagtyň özünde-de, bolan halatynda oňa Günbataryň gizlin gulluklarynyň ýa-da oppozisiýa ýaranlarynyň gatnaşan bolmagyny öňe sürýär.
Nawalnyý häzirki wagtda galplyk aýyplamalary esasynda çykarylan hökümet görä, türkme möhletini başdan geçirýär. Ol yzarlamalary syýasy hasaplaýar.