Gazak prezidenti Tokaýew irki saýlaw gecirip, ikinji möhlete saýlanar
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gelýän aýlarda irki prezident saýlawyny geçirmäge çagyrdy. Bu saýlawda ol ikinji möhlete prezident bolmak üçin bäsleşige goşular.
Tokaýew 1-nji sentýabrda eden ýyllyk ýüzlenmesinde prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli ýokarlandyrmagy, şol bir wagtyň özünde-de geljekki prezidentleriň birden köp möhlete prezident bolmagyny gadagan etmegi teklip etdi.
Şeýle-de, Tokaýew 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegine çagyrdy.
Ol saýlawlaryň Mejlis, parlamentiň aşaky palatasy üçin-de, ähli derejedäki ýerli geňeşler, maslahatlar üçin-de geçiriljekdigini aýtdy.
Gazagystanda prezident saýlawy 2024-nji ýylda, parlament saýlawlary 2025-nji ýylda geçirilmelidi.
Tokaýew häkimiýet başyna 2019-njy ýylda, öňki prezident, 30 ýyl töweregi ýurdy dolandyran Nursoltan Nazarbaýew garaşylmadyk ýagdaýda işinden çekilende we Tokaýewi mirasdüşer edip saýlanda geldi.
19 million töweregi ilatly, nebite baý Merkezi Aziýa döwleti bolan Gazagystanda hiç wagt günbatar synçylary tarapyndan azat we adalatly hasaplanan prezident saýlawlary geçirilmedi.