YD Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň daşynda bolan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýar
“Yslam döwleti” (YD) topary Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda janyndan geçen adamyň özüni partlatmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, bu partlama ilçihananyň iki işgäri bilen birlikde azyndan alty adamyň ölmegine sebäp boldy.
“Yslam döwleti-Horasan” 5-nji sentýabrda Telegramda çap eden beýanatynda YD söweşijisi ilçihananyň golaýynda "rus işgärleriniň gatnaşan ýygnanyşygynda janyndan geçeniň guşagyny partladyp, öz janyna kast etdi" diýdi.
Kabul polisiýasynyň metbugat sekretary Halid Zadran Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna konsullyk hyzmatlaryna garaşýan dört owganystanlynyň öldürilendigini we 10-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda bu hüjümiň Kabul wagty bilen sagat 10: 50-de, "Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň girelgesiniň golaýynda" bolandygy aýdyldy.
Beýanatda ölenler barada jikme-jik maglumat berilmedi, ýöne Russiýanyň “Nowosti” habar gullugynyň biraz öň beren habarynda bir diplomatyň we bir howpsuzlyk işgäriniň ýaralanandygy aýdylýar. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu wakany “terrorçylykly hereket” diýip atlandyrdy.