"Gazprom" nemes hyzmatdaşy “bejermese”, “Demirgazyk akym” gazy ýok diýýär
Russiýanyň gaz eksportçysy “Gazpromyň” ýokary derejeli ýolbaşçysy, öz sözlerine görä, nemes hyzmatdaşy näsaz enjamyny düzedýänçä, “Demirgazyk akym – 1” geçirijisi arkaly gaz iberilmegini dowam etdirip bilmejekdigini aýdyp, howanyň çigräp başlamagy bilen, Ýewropanyň energiýa aladalaryny ýokarlandyrdy.
Hyzmatdaş “Siemens Energy” özüne degişli bejeriş, abatlaýyş işleri boýunça hiç bir tabşyryk berilmändigini aýtdy we “Gazpromyň” aýdyşy ýaly, bejeriş beýle aňsat bolsa, kadaly ýagdaýda gaz ibermegiň togtadylmajakdygyny aýtdy.
“Gazpromyň” başlygynyň orunbasary Witaliý Markelow 6-njy sentýabrda Wladiwostokda geçirilen ykdysady çärede gaz akymyny täzeden ýola goýmak üçin "olar ilki enjamlary abatlamaly" diýdi.
“Demirgazyk akym – 1” Russiýadan Ýewropa gaz iberýän iň uly geçiriji bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 55 milliard kub metr gaza barabar.
Ol Russiýanyň Finlandiýa bilen serhediniň golaýyndaky Wyborgdan Germaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Lubmine çenli aralyga uzaýar.
Günbatar liderleri Moskwany öz energiýa üpjünçiligini ýarag hökmünde ulanmakda aýyplaýarlar, ýöne energiýa önümçiliginiň alternatiw çeşmelerine we usullaryna geçmekde uly kynçylyklara duçar bolýarlar.