Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Maryda arzan bahadan towuk eti satuwa çykaryldy. Döwlet dükanlarynda çörek ýeter-ýetmezçiligi saklanýar

Mary welaýatynyň Mary şäherinde häkimiýetler arzan bahadan towuk etini satuwa çykardylar. Her adam başyna üç kilogram satylýan towugy almak üçin onlarça adam nobata durýar. Döwlet dükanlarynda gündelik satuwa çykarylýan çörek alyjylaryň ählisine ýetmeýär. Sebitiň azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň "Gök bazaryndaky" döwlet dükanynda satylyp başlanan towuk etiniň bir kilogramy 17 manada barabar. Hususy dükanlarda towuk budunyň bir kilogramy 24 manatdan satylýar.

"Towuk budy etden has arzan düşýänligi sebäpli adamlar nobata durup satyn alýarlar. Nobatlarda ortaça 60 adamyň durandygyny görse bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, mundan bäş ýyl çemesi ozal häkimiýetler ilata şeker, ýag, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk önümlerini arzan bahadan satyp başladylar. Ýöne bu tejribe şu ýylyň başynda ýatyryldy. Şondan bäri häkimiýetler bu azyk önümleriniň käbir görnüşlerini wagtal-wagtal satuwa çykarýarlar.

Habarçymyz towuk budunyň soňky gezek geçen aýda ýerli döwlet dükanlarynda satylandygyny, ýöne alyjylaryň onuň gapdaly bilen başga harytlary satyn almaga mejbur edilendigini hem aýtdy.

"Şonda towuk etiniň nyrhy hususy dükanlardaky bahalar bilen deňleşipdi" diýip, habarçy sözüne goşdy.

Ol döwlet dükanlarynda ilatyň un paýlarynyň wagtynda berilmezliginiň dowam edýändigini, gündelik satuwa çykarylýan çöregiň-de alyjylaryň ählisine ýetmeýändigini hem habar berýär.

"Döwlet dükanlary ilatyň ýanwar aýy üçin un paýlaryny ýaňy-ýakynda paýlady. Şondan soňky aýlaryň un paýlary heniz hem berilmeýär. Çörek hem kadaly satylýar diýip bolmaýar, sebäbi ol dükana gelen adamlaryň ählisine ýetmeýär. Ýöne adamlar darganyndan soň, dükan işgärleri çöregi hususy dükan eýelerine 3 manatdan satýarlar. Döwlet dükanlarynda buhanka çörek 1 manatdan, çörek 2 manatdan satylýar. Ýöne halka onuň belli bir möçberi satylýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagtda döwlet dükanlarynda günebakar we pagta çigidiniň ýagy hem satylýar. Göräýmäge, olaryň bahalary bazardaky nyrhlardan arzan. Ýöne alyjylar bu ýaglaryň ýany bilen "möhleti geçen ýa-da derege ýaramaýan" başga harytlary hem satyn almaga mejbur edilýärler. Şeýlelik bilen, arzan diýilýän ýaglaryň bahasy bazar nyrhlary bilen deňleşýär.

"Bir litr pagta ýagy 22 manat, iň pes hilli bir litr günebakar ýagy 36 manat bahalanýar. Alyjylar munuň gapdaly bilen şireli suw ýa-da şoňa meňzeş derege ýaramaýan harytlary satyn almaly bolýarlar" diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz şäheriň bazarlaryndaky käbir azyk önümleriniň bahalary barada hem maglumat berip, soňky günlerde nyrhlaryň bir durkuny saklaýandygyny aýtdy.

"Bir kg pomidor 4-5 manat, parnik pomidory 14 manat, kartoşka 6-7 manat, bürünç, hiline görä, 25-50 manat aralygynda, 1,5 litr pagta gara pagta ýagy 44 manat, bir litr günebakar ýagy 34-40 manat, sogan 5-6 manat, bir kg gazak uny 14 manat, ýerli un 8-10 manat, bir kg şeker 19 manat, gawun 20 manat bahalanýar" diýip, habarçymyz belledi.

Habarçylarymyz ykdysady krizis şertlerinde köp maşgalanyň hususyýetçilerden azyk satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, olaryň subsidirlenen bahalardan satylýan önümlere garaşlydygyny yzygiderli habar berýärler.

Ýurduň häkimiýetleri bu ýagdaýlary aç-açan boýun alyp, bu barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Şeýle-de, häkimiýetler ýurtda ýaşaýyş üçin zerur minimum we sarp edijilik sebedi ýaly temalary asla gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Архангельске девочка родила в ТЦ и бросила ребенка умирать в лесу



Мир

Яркое лето с Angsana Velavaru






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» ПРАВИТ МИРОМ?! Раскрыт реальный смысл Мавзолея на Красной площади России в Москве.

Житель Челябинской области выиграл рекордный суперприз в 607 млн руб. в лотерею

Эксперты назвали сроки появления вакцины от опасной болезни

Количество креативных кластеров в Москве за 5 лет выросло почти вдвое


Москва

Снег повалил допетровскую иву в «Аптекарском огороде» в Москве






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин принял решение увеличить фонд грантов одаренным учащимся школ искусств



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Волочкова спасала платье и чуть не утонула на Мальдивах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Фитнес прокачивает онлайн // Благодаря чему растет спрос на видеотренировки

4 современных общественных пространства появятся на севере Москвы в 2024 г

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»


WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Снег повалил допетровскую иву в «Аптекарском огороде» в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России