Gyrgyz-täjik ýaraşygy saklanýar
Gyrgyzystan we Täjigistan serhedinde 17-nji sentýabra geçilen gije iri hadysa bolmady, bu bolsa, dartgynly söweşlerden soň, 16-njy sentýabrda gazanylan ýaraşygyň öz güýjünde galýandygyny aňladýar.
Gyrgyz serhetçileri bir obanyň az wagtlyk oka tutulandygyny aýtdy.
Täjik serhetçileri 17-nji sentýabrda beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky serhetde ýagdaýyň “birneme durnuklydygyny” aýtdy. Ýöne “kähalatlarda ýaraşyk gyrgyz serhetçileri tarapyndan bozuldy” diýip, beýanat aýtdy.
Bu iki post-sowet döwlet şu hepde serhet dawasynyň üstünde çaknyşdy.
Gyrgyz Serhet gullugy täjik güýçlerini tanklary, sowutly ulaglary we minomýotlary ulanmakda aýyplady.
Täjigistan, öz gezeginde, gyrgyz güýçlerini bir serhet galasyny we şol bir sebitde ýerleşýän başga-da ýedi obany “agyr ýaraglar” bilen bombalamakda aýyplady.
Merkezi Aziýadaky serhet dawalary Sowetler döwründen gözbaş alýar. Moskwa sebiti etniki toparlaryň arasynda bölmäge synanyşypdy. Sebitdäki etniki toparlaryň ilatly nokatlary köplenç biri-biriniň arasynda ýerleşýär.
Gyrgyzystanda-da, Täjigistanda-da rus harby bazalary bar. Moskwa 16-njy sentýabrda ýene bir gezek söweşiň bes edilmegine çagyryş etdi.