ABŞ-nyň Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi Ermenistana geldi
ABŞ-nyň Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi 17-nji sentýabrda Ermenistanyň paýtagty Ýerewana geldi diýip, “News.am” we “Armenpress” neşirleri habar berdi.
Sapar 19-njy sentýabra çenli dowam eder. Sapar wagtynda Pelosi Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan, Respublikanyň Milli mejlisiniň başlygy Alen Simonýan we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşar diýip, “News.am” Amerikanyň Ýerewandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.
Nensi Pelosi Ermenistana garaşsyzlyk alaly bäri sapar eden iň ýokary derejeli ABŞ resmisi boldy.
"Kongres delegasiýasynyň Ermenistana edýän sapary ABŞ-nyň parahatçylykly, gülläp ösýän we demokratik Ermenistana, durnukly we howpsuz Kawkaza berk ygrarlylygynyň uly nyşanydyr" diýip, Pelosi saparyň öňüsyrasynda aýtdy.
Pelosiniň sapary Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky çaknyşyklaryň ýene bir gezek gaýtalanmagynyň arasynda bolup geçýär.