Aşgabatda türgenleri sylaglamak dabarasy boldy, TDH üstünlik gazananlaryň atlaryny aýtmady
Aşgabatda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy diýip, TDH 17-nji sentýabrda hiç bir türgeniň adyny agzaman habar berdi.
Dabaradan düşürilen birnäçe surat bilen çap edilen habarda türkmen türgenleriniň Awstriýanyň Oberward şäherinde Ýewropanyň dzýudo boýunça geçirilen açyk çempionatynda, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşynda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda, Russiýanyň Moskwa şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylara kubok” atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeländigi bellenilýär.
Emma habardan halkara ýaryşlarynda ýurduň sport abraýynyň ýokarlanmagyna öz goşantlaryny goşan türgenleriň atlaryny okap bolmaýar.
TDH-dan tapawutlylykda, hökümetçi “SalamNews“ neşiri habarda prezidentiň adyndan başga, öňki prezidentiň hem adyny agzaýar.
Dabara gatnaşyjylar Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan toparlaryň türgenlerine iberen gutlagyny diňlediler, baýrakly orunlary eýelän türgenlere 55 dýuýmly «Zemin» smart-android telewizorlary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleri gowşuryldy diýip, hökümetçi neşir ýazýar.
Soňky döwürde synçylar türkmen habar serişdeleriniň esasan diňe iki resminiň, häzirki we öňki prezidentiň atlaryny aýtmaga, habar bilen bagly beýleki adamlaryň atlaryny aýtmakdan saklanmaga ýykgyn edýändigini belleýärler.
Şeýle-de, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ýygnanyşygyna gatnaşan synçylar bu dabara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň käbiriniň öz çykyşynda aýdan “şa serpaýy” diýen söz düzüminiň “Watan” habarlar gepleşiginde birinji böleginiň kesilip aýrylandygyny habar berýärler.