Türkmenistanyň prezidenti harby gulluga çagyrmak we gullukdan boşatmak baradaky karara gol çekdi
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky permana gol çekdi diýip, TDH habar berdi.
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2022-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly diýip, permanda aýdylýar.
Şeýle-de permanda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk raýatlaryň, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkekleriň 2022-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrylmalydygy aýdylýar.