Prezident Gyrgyzystanyň serhet dawalaryny gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aýtdy
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow özüniň gyrgyz-täjik serhedinde azyndan 100 adamyň ölmegine sebäp bolan serhet dawasyny çözmek üçin Täjigistan bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Žaparow 20-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Gyrgyzystan "serhet we içerki meseleleriň ählisiniň gepleşik stolunyň başynda çözülmelidigine ynanýar we biz tarapda şeýle isleg we taýynlyk bar" diýdi.
Žaparow Täjigistany geçen hepdäniň zorlugynda agressor, ýagny hüjümçi hökmünde häsiýetlendirdi we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň territorial bitewilik we hoşniýetli goňşuçylyk barada öňki baglaşylan şertnamalardan daşlaşandygyny aýtdy.
Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň resmileri 20-nji sentýabrda bolup geçen ýagdaýa bir-birinden başgaça bahalar berdiler, Bişkek ýagdaýyň "kadalaşandygyny" aýtdy, ýöne Duşenbe ýagdaýyň "çylşyrymly" bolmagynda galýandygyny aýtdy.
Täjigistanyň Daşary işler ministrligi 19-njy sentýabrda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň milli howpsuzlyk komitetleriniň başlyklarynyň iki tarapyň arasynda taýýarlanan protokola gol çekmegini gutlady we munuň "berk berjaý edilmegi gepleşik etabynyň täzeden başlamagyna mümkinçilik döreder" diýdi.
Aýdylmagyna görä, bu resminama duşmançylygyň doly bes edilmegine we goşunyň yza çekilmegine ýol açýar.