Eýranda protestiň 12-nji gijesi, professorlar proteste goşulýarlar
Ölenleriň sanynyň köpelmegine we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gazaply basyşlara garamazdan, eýranlylar 27-nji sentýabrda Mahsa Amininiň ölümi sebäpli 12-nji gije proteste çykdylar.
Tähran, Töwriz, Karaj, Kom, Ýazd we Eýranyň beýleki şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýran protestler, ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilen 22 ýaşly Amini ýogalaly bäri bir hepdeden gowrak wagt dowam etdirilýär.
Köçede howpsuzlyk işgärleri bilen bolýan çaknyşyklary görkezýän görnüşler sosial ulgamlarda ýerleşdirildi, ýöne aktiwistler internetiň öçürilmeginiň wideo paýlaşmagy gaty kynlaşdyrýandygyny aýtdylar.
Ýarym resmi “Fars” habar gullugy Amini 16-njy sentýabrda öleli bäri “60 töweregi” adamyň ölendigini habar berdi, 24-nji sentýabrda 41 adamyň ölendigi aýdylypdy. Emma Eýranyň Adam Hukuklary topary azyndan 76 adamyň öldürilendigini habar berdi.
Resmiler tutuş ýurt boýunça 1200-den gowrak adamyň, şol sanda aktiwistleriň, aklawçylaryň we žurnalistleriň hem tussag edilendigini aýtdylar.
“Tasnim” habar gullugynyň habaryna görä, tussag edilenleriň arasynda öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjaniniň gyzy hem bar.
Eýranyň birnäçe uniwersitetiniň mugallymlary sapaklara gatnaşmakdan ýüz öwürmek ýa-da işinden çekilmek bilen, studentleriň bildirýän protestlerine goşuldy.