NATO, ÝB gaz geçiriji syzdyrmasynyň ‘sabotaždygyny’ aýdýar
NATO we Ýewropa Bileleşigi 28-nji sentýabrda Baltika deňzindäki iki esasy geçirijidäki syzdyrmalaryň "sabotaž" sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy we Ýewropanyň wajyp infrastrukturasyny goramagy ‘mümkin boldugyça berk gaýtawul’ bilen güýçlendirjekdigini aýtdy, ýöne hiç kimi bu hadysanyň arkasynda bolmakda günäkärlemedi.
“Demirgazyk akym 1” we “Demirgazyk akym 2” geçirijileri Daniýa bilen Şwesiýanyň aýratyn ykdysady zolaklarynda birnäçe ýerinden ýaryldy. Russiýa bilen Ýewropanyň arasyndaky energiýa gapma-garşylygy sebäpli, olaryň ikisi-de häzir işlemeýärdi.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Brýusselde Daniýanyň goranmak ministri Morten Bodskow bilen bolan duşuşygynda geçirijileriň "sabotažy" barada pikir alyşandygyny aýtdy.
"Biz NATO ýurtlaryndaky möhüm infrastrukturany goramak meselesini maslahatlaşdyk" diýip, ÝB ýurtlarynyň köpüsini öz içine alýan Günbatar harby bileleşiginiň başlygy twittered ýazdy.
ÝB 28-nji sentýabrda 27 ýurtdan ybarat blogyň energiýa magistrallaryna hüjüm etmäge synanyşýanlara berk duýduryş çap etdi.