Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanda ýaňy bir düwünçek getiren gök-bakja ekinleri bugdaý ekmek üçin sökülýär

Balkanda ýaňy bir düwünçek getiren gök-bakja ekinleri bugdaý ekmek üçin sökülýär

Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplaryndaky ekerançylyk meýdanlarynda ýaňy-ýakynda düwünçek getirip başlan giç käşir we kelem ýaly gök-bakja ekinleri ýerli häkimiýetleriň buýrugy bilen sökülýär. Bu habaryň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Häkimiýetler ekerançylyk ýerleriniň sökülmegi baradaky tabşyryklaryny ýerleriň bugdaý ekişine taýýarlanylmagy we sürüm işleriniň geçirilmegi bilen esaslandyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli daýhanlar bugdaý ekmek üçin sökülýän ekerançylyk meýdanlarynyň ozal hem bugdaý meýdanlary bolandygyny, ýöne tomus ýygnalan bugdaý hasylynyň yzyna, ikinji gezek hasyl almak üçin, giç käşir, kelem we şugundyr ýaly gök-bakja ekinleriniň ekilendigini aýdýarlar.

“Iýun aýynda bugdaýdan boşan ýerlere giç käşir, kelem we şugundyr ýaly gök-bakja ekinleri ekilipdi. Bu ekinler oktýabr aýynda bişip ýetişýär. Häzirki wagtda ýaňy bir hasyla duran, düýp görkezip başlan bakja önümleri etrap häkimiýetleri tarapyndan sökülýär” diýip, bir ýerli daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli daýhanlar sökülen ýerlerde bugdaý ekişine taýýarlyk çäreleriniň çäginde sürüm işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine resmi derejede 2-nji sentýabrda girişildi.

Üstümizdäki ekiş möwsüminde Türkmenistanda 690 müň gektara bugdaý ekilýär. Öňümizdäki hasyl möwsüminde ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.

Gallaçy kärendeçiler Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän esasy ekinleriň – bugdaýyň we gowaçanyň – ekişine döwlet derejesinde badalga berilýär. Ekiş we hasyl möwsümleri döwlet baştutany tarapyndan yglan edilýär.

Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda ýaňy bir hasyl getiren bakja ekinleri bugdaý üçin sökülýän daýhanlar bu ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin sarp eden harajatlaryna gynanýandyklaryny aýdýarlar.

Welaýatyň Bereket etrabynyň Kelif obasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli kärendeçi iýun aýynda bugdaýdan boşan üç gektar kärende ýerine eken bakja ekinleriniň häkimiýetler tarapyndan puja çykarylýandygyny aýdýar.

Ol bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin öz hasabyna tohum we dökün satyn alandygyny aýdýar. Ýerli kärendeçi hasylyň ýetişmegine sanlyja hepde galanda gök-bakja ekinleriniň sökülmegini nägilelik bilen garşylaýar.

Ol uly umyt bilen garaşan “girdejisiniň köýendigini” aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, Bereket etrabynyň Kelif obasynda, Serdar etrabynyň Ters, Zaw, Tutly, Çerkezli obalarynda we “Ýaşlyk” daýhan birleşiginde söküm işleriniň alnyp barylýar.

“Daýhanlaryň uly umyt bilen eken ekinleriniň hasylynyň toprak aşagynda galmagy daýhanlaryň elini işden sowadýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 29-njy awgustda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda kädi ekilen ýerleriň hem häkimiýetler tarapyndan sökülmeginiň buýruk berlendigini habar berdi.

Neşir 6-njy sentýabrda welaýatyň Çärjew etrabynda hem gök-bakja ekilen meýdanlaryň bugdaý üçin söküljekdigini habar berdi.

Türkmen metbugatyna görä, şu ýyl Ahal welaýatynda 195 müň gektar, Mary welaýatynda 170 müň gektar, Daşoguz welaýatynda 145 müň gektar, Lebap welaýatynda 130 müň gektar we Balkan welaýatynda 50 müň gektar meýdana azyklyk bugdaý ekiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Архангельский «Ледокол» вышел в четвертьфинал Ночной хоккейной лиги



Мода

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Сенатор Святенко: поддержка фермеров играет важную роль в устойчивости экономики

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

Холод в закромах. Заморозки могут привести к дефициту еды в России


Москва

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о работе сервиса «Вместе с культурой»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт в честь 90-летия Евгения Крылатова




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Сергей Лёвкин: в Митине завершат возведение физкультурно-оздоровительного комплекса


WTA

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru