Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Mekdep resmileri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini batlandyrýar

Mekdep resmileri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini batlandyrýar

Şu günler Mary welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda mekdep resmileri okuwçylaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerine bat berýärler. Bilim işgärleriniň geçirýän wagyz işleri, mekdep resmilerine görä, esasan okuwçy ýaşlaryň “ahlak terbiýesiniň kämilleşdirilmegine”, maşgalalarda “çaga zähmetiniň öňüniň alynmagyna”, okuwçy gyzlaryň daş keşbiniň gözegçilikde saklanylmagyna hem-de okuwçylaryň smartfon ulanmaklaryna rugsat berilmezligine gönükdirilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Türkmenistanda ýyllarboýy raýatlaryň maglumat almak mümkinçiliklerini çäklendirmek ugrunda aýratyn tagalla edýän häkimiýetler soňky birnäçe hepde bäri orta mekdeplerde okuwçylaryň smartfonlaryny barlap, VPN ulanýan ýaş ýetginjekleri anyklaýarlar.

Häkimiýetler smartfonlara garşy alyp barýan barlyşyksyz göreşini ahlak aladalary bilen düşündirýärler.

Türkmen häkimiýetlerine görä, smartfonlar okuwçy ýaşlaryň ahlak terbiýesine ýaramaz täsir edýär.

“Mekdeplerde geçirilýän ýygnaklar okuwçylaryň ahlak-terbiýesine gönükdirilýär. Çagalaryň ellerine gymmatbahaly smartfonlary bermezlik tabşyryldy” diýip, ýygnaklardan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Dünýäniň häzirki zaman şertlerinde adamlara çäksiz maglumat mümkinçiliklerini hödürleýän smartfonlar türkmen häkimiýetleri tarapyndan nyşana alynýan mahaly, Marynyň mekdeplerinde geçirilýän ýygnaklarda mugallymlar, telefon çäklendirmeleri bilen bir hatarda, ýokary synplardaky okuwçy gyzlaryň daş keşbiniň gözegçilikde saklanylmagyny hem ündeýärler.

“Ýygnakda çykyş eden mugallymlar gyzlaryň kosmetika serişdelerini çalmaly däldigini, olaryň giň egin-eşik geýmelidiklerini, gyzlary okuwdan soň öýden çykarmazlygy we gözegçilikde saklamagy ündediler” diýip, ýygnakdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanda eýýäm aprel aýyndan bäri gyz-gelinleriň daş keşbine edilýän häkimiýet gözegçiligi güýçlendirilen görnüşde alnyp barylýar.

“Ýokary synplardaky okuwçy gyzlaryň el telefonlarynyň yzygiderli görnüşde barlanylmalydygy, başarsalar, çagalaryň ellerine telefon berilmezligi ündeldi. Uly klaslardaky gyzlaryň telefonda düşýän suratlaryna üns berilmegi tabşyryldy” diýip, çeşme aýtdy.

Mekdep resmileri ýygnaklarda eden çykyşlarynda maşgalalarda çaga zähmetinden peýdalanylmagy bilen bagly meselelere-de ünsi çekipdirler.

Azatlygyň habarçysyna görä, mugallymlar köp sanly maşgalalarda mekdep okuwçylarynyň sapak wagtynda hojalyk işlerinde işledilmegine alada bildirýärler. Mugallymlar ene-atalardan okuw wagtynda çagalaryň mekdebe goýberilmegini erjellik bilen talap edýärler.

“Mekdep wagtynda çagalar hökmany suratda mekdepde bolmaly we bilim almaly” diýip, mugallymlar tutanýerlilik bilen aýdýar.

Ýöne ýurtda giň ýaýran işsizlik we ykdysady kynçylyklar hususan-da oba ýerlerinde ýaş çagalaryň, mekdep okuwçylarynyň hojalyk işleri bilen meşgullanyp, olary maşgalalaryň ykdysady ýagdaýyna goşant goşmaga iterýär.

Biraz öň, Azatlygyň habarçylary Marynyň oba ýerlerinde giň ýaýran garyplyk zerarly mekdep okuwçylarynyň sapaklardan boş wagtlarynda pagta ýygmaga, gazanç etmäge mejbur bolýandyklaryny habar berdiler.

Şol bir wagtda, orta mekdeplerde geçirilýän ýygnaklara gatnaşýan ene-atalar çaga zähmeti bilen bagly problemalaryň diňe ykdysady kynçylyklardan, giň ýaýran işsizlikden gözbaş alýandygyny aýdýarlar.

Ýöne mekdep resmileri çaga zähmeti anyklanan hojalyklarda ene-atalara kanun goraýjy edaralar tarapyndan çäre görüljekdigini aýdýarlar.

“Eger-de, okuwçy mekdebe gelmän, gowaça meýdanlaryna gitse, pagta ýygsa, ýa-da eklenç üçin başga işler bilen meşgullansa, ýerli polisiýa işgärleri tarapyndan ene-atalara jerime ýazylar” diýip, mugallymlar aýdýarlar.

Ene-atalar we mugallymlar mekdeplerde çaga zähmetiniň üstünde çekişýän mahaly, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistany “şadyýan çagalaryň bagtyýar ýurdy” atlandyryp, ýurduň ykdysady kuwwatyny wasp edýär.

“Ene-atalar öz çagalaryny pagta meýdanlaryna keýpine alyp gitmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, çeşme ene-atalar ýygnagyna salgylanýar. Olar bala-çagalarynyň gowaça meýdanlaryna gidip, ene-atalara ýardam berýändiklerini aýdýarlar.

“Çagalar pagta ýygyp, iň bolmanda okuw esbaplaryny özleri satyn alyp bilýär” diýip, ene-atalar aýdýarlar.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmeti, şol sanda çaga zähmetini gadagan edýär. Ýöne Zähmet kodeksi ýaş ýetginjekleriň sapaklardan soň, boş wagtlarynda, kanun taýdan gadagan edilýän howply işlerden daşary işlere goýberilmegine rugsat berýär.

“Çagalaryň çagalyk döwrüni ellerinden almazlyk üçin, ilkinjilik bilen, işsizligiň öňüni almaly. Zähmet haklary ýeterlik, harytlar elýeter bolmaly. Eger şeýle bolan bolsady, hiç bir ene-ata öz çagasynyň kiçilikden zähmet bilen meşgullanmagyna, onuň agyr işlerde işlemegine rugsat bermezdi” diýip, ene-atalar aýdýarlar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurtda giň ýaýran işsizligi, çaga durmuşynyň gowgalaryny we halkyň ykdysady aladalaryny agzamaýar.

Döwlet telewideniýesine görä, tomus kanikulyny “dynç alyş lagerlerinde geçiren” türkmen çagalary, şu günler, ýurduň “täze galkynyş eýýamynyň peşgeş beren ýokary amatlykly bilim ojaklarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän synp otaglarynda dünýä derejesinde” bilim alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

За три месяца по гаражной амнистии оформлено 197 гаражей и 395 земельных участков



Жизнь

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Девушка устроила пожар в ЖК «Люберецкий», очевидцы сняли мемное видео

Ирина Дубцова призналась, что была в отношениях с Малининым

Большая война с Западом или переговоры? Эксперт РСМД предрёк неожиданный сценарий

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»


Москва

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин объявил о начале сборки «Москвича» по технологии полного цикла



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Comedy Club

«Ждёт нового Мартиросяна». Гарик Мартиросян прокомментировал беременность Анны Хилькевич в Comedy Club на ТНТ




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

«Бавария» победила «Вольфсбург» в 500-м матче Нойера в Бундеслиге

Турнир по бильярдному спорту «Кубок Мэра Москвы» продлится до 18 мая в столице

Пензенские регбистки выиграли первенство России


Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В Подольске завершили строительство детского сада на 240 мест в мкр Климовск



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России