Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmen ýaşlarynyň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalary ret edilýär 

Türkmen ýaşlarynyň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalary ret edilýär 

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän raýatlar üçin goşun gullugyny yza süýşürmek prosesi has çylşyrymlaşdy. Harby billige alýan bölümleriň ilatyň goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalaryna seretmekden ýüz öwürýän wagtynda, daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmen raýatlarynyň ene-atalaryna olaryň harby borjuny ýerine ýetirmekleri üçin watanyna gaýtarylmagyny talap edýän duýduryşlar gowşurylýar.

Balkan welaýatynda ilaty harby hasaba alýan bölümler indiki okuw ýylynda uniwersitetlere girmek isleýän ýaşlar üçin harby gullugy yza süýşürmek baradaky ozal kabul edilen arzalary kanagatlandyrmaýar, täze arzalary kabul etmekden ýüz öwürýär. Munuň tersine, şeýle arza bilen ýüz tutup, harby bölüme baranlar dessine goşun gullugyna alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçylary 10-njy oktýabrda maglumat berdiler.

Günbatar sebitden gelen bu habarlar 1-nji oktýabrda başlanan goşun gullugyna güýzki çagyryşa gabat gelýär. Habarçylar bilimini dowam etdirmek üçin harby gullugy yza süýşürmek isleýän ýaşlaryň köpdügini bellediler.

Türkmenbaşydaky çeşmelere görä, goşun gullugyny yza süýşürmek üçin geçen hepde şäheriň harby bölümine onlarça adam ýüz tutupdyr we 50 töwereginiň arzasy ret edilipdir. Olaryň köpüsi goşuna çagyrylypdyr.

Şeýle ýagdaýa düşen Türkmenbaşynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, oňa berlen resmi düşündirişde arzalaryň köpdügi we her etrap üçin göz öňünde tutulan kwotanyň eýýäm dolandygy aýdylypdyr. Ýerli harby edaralardaky ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, Balkan welaýatynyň her etrabynda goşun gullugyny yza süýşürmäge rugsat berilýän ýaşaýjylaryň sany 60 adamdan geçmeýär. Çeşme "150 töweregi orta mekdebi bolan Türkmenbaşy üçin bu gaty az" - diýip belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, adynyň aýdylmazlygy şertinde Azatlyk bilen gürleşen çeşmeler uniwersitetlere girmek üçin goşun gullugyny yza süýşürmäge mümkinçiligiň bardygyny belleýärler we munuň 40000 manat möçberli para durýandygyny öňe sürýärler. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 11,5 müň ABŞ dollaryna barabar bu puly tölemek köpler üçin elýeterli däl.

"40000 manat mukdarda talap edilýän para köpler üçin elýeterli däl. Muny töläp bilmedik ene-atalaryň çagalary goşun gullugyna gidýärler" - diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Türkmenbaşydaky harby gurluşlaryň wekillerinden resmi taýdan tassykladyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary daşary ýurt uniwersitetlerinde bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryndan çagalarynyň harby gullugy ýerine ýetirmek üçin watanyna gaýdyp gelmeginiň talap edilýändigini habar berdiler.

Mundan ozal “Turkmen.news” neşiri Türkmenistanyň goşunynda harby gulluga çagyrylýanlaryň sanynyň daşary ýurtlardan gaýdyp gelen raýatlaryň hasabyna artdyrylýandygyny habar berdi.

Adaty uçuşlar täzeden başlandan soň öýlerine dolanmak kararyna gelen daşary ýurt uniwersitetleriniň studentleri goşuna alynýar, olary dürli bahanalar bilen, goşun gullugyny yza süýşürmek barada kanunda göz öňünde tutulan mümkinçiliklerden mahrum etmäge synanyşýarlar diýip, garaşsyz neşiriň 5-nji oktýabrda çap eden maglumatynda aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde habarda dürli sebitlerde meseläniň dürli usullar bilen “çözülýändigini” bellenýär.

"Şeýlelik bilen, Mary wekaýatynda, goşunda gulluk etmedikleriň hemmesi goşuna alynýar. Lebapda "ylalaşmak" mümkinçiligi bar" diýip, Turkmen.news ýazýar. Neşir köp studentiň tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistana möhleti geçen pasportlaryny çalyşmak üçin gelendigini belleýär.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, şertnama boýunça gulluk ýa-da alternatiw gulluk ýurtda ýok.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň ýaragly güýçlerinde esgerlere ýowuzlyk, açlyk, lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, uly esgerleriň we harby ýolbaşçylaryň ýaşlara zulumy ýaly problemalaryň bardygyny boýun almaýarlar. Harby gulluga çagyrylanlaryň arasynda ölüm we ýaralanmalar ýaly pajygaly ýagdaýlar Türkmenistanda giňden ýaýran. Goşun gullugyndaky agyr şertler köpleri goşundan gaçmaga we ýolbaşçylara para bermek üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Наталью Круглову назначили на должность псковского городского судьи



Мир

Первый лазертаг на Самуи






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» и все правительства могут отменить либо собрать все налоги!

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями

Сергей Собянин. Главное за день

"Спартак" обыграл "Краснодар" и продлил беспроигрышную серию до 7 матчей при Слишковиче


Москва

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» и все правительства могут отменить либо собрать все налоги!






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин поздравил Мишустина с назначением на пост председателя правительства РФ



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

100 лет назад родился поэт и бард Булат Окуджава




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В столице на фестивале «Московская весна» на Коптевском бульваре проходят спортивные конкурсы

"Спартак" обыграл "Краснодар" и продлил беспроигрышную серию до 7 матчей при Слишковиче

Гол Зобнина принес "Спартаку" победу над "Краснодаром" в чемпионате России


WTA

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru