Hukuk toparlary Türkiýäniň saýlawdan öň söz azatlygyny gysýandygyny aýdýarlar
Türkiýäniň kanun çykaryjylary "ýalan maglumat" çap eden islendik adama üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýan täze kanuny tassykladylar, bu kanunyň geljek ýyl geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda söz azatlygyny çäklendirmeginden alada galýan hukuk toparlary ont berk tankyt etdiler.
13-nji oktýabr güni giçlik, Ýewropa geňeşiniň Parlament assambleýasynyň türk häkimiýetlerini bu kanuny kabul etmezlige çagyran gününiň ertesi tassyklanan kanun prezident Rejep Taýyp Erdogan we onuň parlamentdäki aşa milletçi ýaranlary tarapyndan teklip edildi.
Täze kanuna laýyklykda, häkimiýetler tarapyndan "ýurduň içerki we daşarky howpsuzlygy, jemgyýetçilik düzgün-tertibi we jemgyýet sagdynlygy" barada ýalan hasaplanan maglumatlary çap eden žurnalistler ýa-da sosial media ulanyjylary 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.
Häkimiýetler tarapyndan "galp habarlar" diýlip hasaplanyp bilinjek zadyň takyk kesgitlenmezligi oppozisiýa we hukuk aktiwistleriniň arasynda alada döretdi.
“Bu Türkiýede pikir aýtmagyň onlaýn we metbugat azatlygy üçin ýene-de bir garaňky gün boldy” diýip, “Amnesty International” guramasynyň sebit boýunça barlagçysy Güneý Ýildiz aýtdy.
"Soňky birnäçe ýylda hökümetiň köpçülikleýin habar serişdelerine edýän gözegçiliginiň artmagy bilen, täze görülýän çäreler Türkiýäniň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarynyň öňüsyrasynda we ondan aňryk, dezinformasiýa garşy göreşýänden bolup, olara mundan beýläk hem tankydy sesleri senzura etmek we ýuwaşatmak mümkinçiligini berýär" diýip, Ýildiz sözüniň üstüni ýetirdi.
Sosial mediany demokratiýa üçin howp diýip atlandyran Erdoganyň indiki ýyl geçiriljek saýlawlarda öz 20 ýyllyk dolandyryşyndaky iň berk synag bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna garaşylýar.