Hytaýyň Kommunistik partiýasy Si Szinpiniň ýolbaşçylygyny goldaýar
Hytaýyň Kommunistik partiýasy 22-nji oktýabrda Si Szinpiniň ýurduň ýolbaşçylygyndaky “merkezi ornuny” goldap, onuň ozal görlüp-eşidilmedik üçünji möhlete häkimiýet başyna geçmegini tas doly diýen ýaly üpjün etdi.
Pekinde bir hepde dowam eden partiýa maslahatynda giň möçberli kadr çalşygy tassyklandy, birnäçe ýokary derejeli resmi, şol sanda premýer Li Kekiang işden çekildi, bu bolsa Si Szinpine täze ýaranlary wezipä bellemäge mümkinçilik berer.
Partiýanyň kongres agzalarynyň maslahaty her bäş ýylda bir gezek Pekindäki Halkyň beýik zalynda geçirilýär.
Wekiller ähli partiýa agzalaryndan “ýoldaş Si Szinpiniň Partiýanyň Merkezi komitetindäki we tutuş Partiýadaky merkezi ornuny tassyklamagy” talap edýän çagyryşy tassyklady.
Si Szinpin 23-nji oktýabrda, Merkezi komitetiň täze düzüminiň geňeşiniň yz ýany, baş sekretar wezipesine gaýtadan bellener. Bu, onuň üçünji möhlete Hytaýyň prezidenti wezipesini aňsat eýelemegine ýol açar, täze prezident hökümetiň mart aýynda geçiriljek ýyllyk kanun çykaryjy mejlislerinde yglan ediler.