Türkmen uniwersiteti dünýäniň iň gowy ÝOJ-larynyň 100-ligine girdi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň hukuk ugry boýunça bilim berýän iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girdi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri nica.team neşirine salgylanyp habar berýär.
Nica.team bu sanawy her kalendar ýyly üçin dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk ugry boýunça halkara bäsleşiklerde gazanan netijeleri esasynda taýýarlaýar diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sanawa talyplarynyň şu ýyl halkara bäsleşikde gazanan ýeňşi üçin girendigi bellenilýär.
Hökümetçi neşir Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2022-nji ýylda Türkmenistanda 1-nji, Aziýada 35-nji we dünýäde 96-njy ýerde durýandygyny aýdýar.
Azatlygyň habarçylarynyň we ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda bilimdäki para azalmaýar we okuwçylaryň bilim derejesi ýyl-ýyldan aşak düşýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan ýapyk ýurt bolansoň, gyzyklanýan garaşsyz toparlaryň bilim pudagynda emele gelen ýagdaýy baryp, elin görmek mümkinçiligi ýok.