Seul: Hallowin baýramçylygynda dörän basa-baslykda 151 adam heläk boldy
Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilen Hallowin baýramçylygynda märekede dörän basa-baslygyň netijesinde azyndan 151 adam öldi, ýene ýüz adam ýaralandy. Bu barada “The Korea Herald” habar berýär.
Heläkçilik Ithawon etrabynyň "Hamilton" myhmanhanasynyň golaýyndaky dar köçede ýygnanan mähelläniň içinde boldy. Sebäpleri entek belli däl. Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol gyssagly maslahat geçirdi.
Ýurduň dürli künjeklerinden 800-den gowrak halas ediji pidalara kömek etmek işine gatnaşdy diýip, “Associated Press” habar berýär. Seulyň ýangyn bölüminiň başlygy ölenleriň sanynyň köpelip biljekdigini we agar ýaralananlaryň sanynyň näbellidigini habar berdi.
Ölenleriň arasynda iki sany daşary ýurt raýatynyň bardygyny we ýene 15 daşary ýurtlynyň ýaralanandygy habar berildi.
Betbagtçylygyň bolan ýerindäki wideoýazgyda halas edijileriň basgylanan adamlary çykarmaga synanyşýandygyny we bas kardiostimulýasiýa edip, adamlara kömek berýändigini görüp bolýar.
Ölenleriň jesetleriniň käbiri keselhanalara äkidildi, käbirleri golaýdaky sport zalyna geçirildi. Gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä ölenleriň köpüsi 20 ýaşlarynda.
Ýerli metbugatyň ýazyşy ýaly, 100 000 töweregi adam Itawon etrabynyň köçelerine Hallowini bellemek üçin ýygnandy. Seulyň ýaşaýjylary üçin bu, pandemiýa başlanaly bäri koronawirus çäklendirmelerini berjaý etmegiň zerurlygy bolmadyk ilkinji köpçülikleýin baýramçylykdyr.
Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol Seuldaky betbagtçylyk bilen baglanyşykly milli matam yglan etdi we ölenleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi.