"Talyban" Owganystanda aýallardan düzülen polisiýa bölümlerini döredýär
Owganystanda häkimiýeti dolandyrýan radikal “Talyban” hereketi aýallardan ybarat polisiýa bölümlerini döretdi. Olar, bu bölümlerde işletmek üçin, geçen ýylyň awgust aýynda häkimiýeti ele geçirmezlerinden öň Içeri işler ministrliginde işlän aýallary işe çekýärler.
Azatlyk radiosynyň Owgan gullugynyň maglumatyna görä, häzir polisiýada işletmek üçin 100-e golaý aýala tälim berilýär.
Adam hukuklaryny goraýjylar "Talybanyň" aýallardan ybarat polisiýa bölümlerini döredip, hakykatda özleriniň aýal-gyzlaryň protestlerini gazaply basyp ýatyrmaklaryna garşy bildirilýän jemgyýetçilik reaksiýasyny gowşatmak isleýändiklerini, aýal polisiýa işgärleriniň mitinglerde aktiwistler bilen işleşmek üçin ulanyljakdygyny aýdýarlar.
"Talyban" häkimiýete geleninden soň, öňki ýowuz çemeleşmelerinden el çekip, aýallaryň hukuklaryna hormat goýmagy wada berdi, ýöne uzaga gitmän çäklendirme girizmäge başlady.
Yslamçylar 20 ýyllap işlän Aýallar ministrligini ýatyrdylar, gyzlaryň mekdeplerde bilim almak mümkinçiliklerini çäklendirdiler, aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmagyny gadagan etdiler we teleýaýlym alyp baryjylary hijap geýmeli boldy.
Şu ýylyň maý aýynda "Talyban" aýal-gyzlary zerur bolmasa köçä çykmazlyga, köpçülik ýerlerinde ýüzlerini ýapmaga borçly etdi.