Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'

Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'

“Şor suwly köllerde ýetişdirilýän sazan, ak amur, ýylan balyk, afrika lakgasy ýaly balyklary, agramy 1kg, 1,5kg bolanda, adamlara satyp, ýok edýärler. Hapa we zäherlenen balyklary satmaga rugsat almak üçin degişli edaralaryň işgärlerine para berýärler...” diýip, Azatlygyň habarçysy şu hepde habar berdi. Bu maglumat Türkmenistanyň şu ýylyň on aýynda Orsýetiň Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna doňdurylan balyk import edendigi baradaky habar bilen utgaşdy. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän, birnäçe derýasy, uly kanallary, onlarça emeli we tebigy suw howdany, güneşli howasy bolan ýurduň ençeme balykçylyk taslamasyny 'amala aşyrandygyna', 50 müň tonna balyk 'eksport edýändigine' garamazdan, türkmenistanlylaryň 'balyk arzuwlarynyň' henize-bu güne çenli hakykat bolmazlygy, adamlaryň çeňňekli balyk tutmaga köpçülikleýin dolanmagy bir topar sorag döredýär. Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ekin meýdanlarynda ulanylan şor suwlaryň toplanan ýerlerinde hem köp mukdarda balyk ösdürip ýetişdirmegi wada berdi. Şol bir wagtda hem hökümetiň D witamini bilen ýagdaýlar baradaky aladalary saklanyp galýar. Bu ugurdaky strategiýanyň esasy sütünleriniň biri ilatyň azyk üpjünçiligi, balyk elýeterliligi, ýurtda gizlin saklanylýan ölüm derejesi, çaga ölüminiň aýdylmaýan görkezijileri bilen bagly bolup görünýär.

Balyk importy baradaky habar prezident Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyklardan öň bazarlary azyk önümleri bilen üpjün etmek barada beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de prezident birden, näme sebäpden edil şu günki şeýle karara gelýändigini düşünirmezden, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky karara gol çekdi. Emma resmi metbugatda bu mesele ýurtdaky azyk ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrylmady. Ýurtda dörän balyk ýa-da W witamini ýagdaýlaryna has ýakyndan seretmek üçin resmi hem resmi däl maglumatlaryň käbirine göz aýlamak zerur.

Türkmenistanyň mundan öňki prezidenti hem wagtal-wagtal bazarlaryň elýeterli bahadan satylýan azyk önümleri, şol sanda balyk bilen üpjün edilmegi barada az görkezme bermändi. Şunuň bilen baglylykda, bu görkezmeleriň ýerine ýetirilişi barada berlen resmi habarlardan çen tutulsa, Türkmenistanyň şu günki günde daşary ýurtlardan doň balyk import etmek zerurlygy bolmaly däl.

Mysal üçin, 2015-nji ýylyň fewralynda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasyna degişli suw howdanlarynda (meýdany 1100 gektar) 840 tonna balygyň ýetişdiriljekdigi, Ak bugdaý etrabynyň balyk hojalygynda zagara, uçar, tüňňimaňlaý ýaly balyklaryň 2 million 440 müňüsiniň ösdürilip ýetişdirilendigi, bu balyklaryň Ahaldaky we beýleki sebitlerdäki suw howdanlaryna goýberilendigi habar berildi.

Bu habarlar garaşsyzlygyň ilkinji on ýylynda tasdan doly ýitirilen balyk üpjünçiligini dikeltmek ugrunda birki ýyl öň başlanan işleriň netije berýändigini görkezýärdi. Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýewiň 2013-nji ýylyň apreldinde beren maglumatyna görä, ýurtda balykçylygy ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar dogrudanam netije berip başlapdy.

Şol döwürde emeli we tebigy suw howdanlarynda köpeldilýän balyklaryň gapdalyndan, tebigy suw howdalaryndaky balyklaryň köpelmegi üçin, balyk tutmagyň 5 ýyllyk gadagan edilen ýerleri hem boldy.

Mundan başga, balykçylyk bilen meşgullanjak adamlara ygtyýarnama, kredit bermek işleri hem ýola goýlup başlandy we, habarçylarymyzyň, şol sanda Osman Hallyýewiň şol döwürde beren habarlaryna görä, bu tagallalar bada-bat bazarlardaky ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemegine, balyk bahalarynyň arzanlamagyna täsir edip başlady.

Has anyklaşdyrsak, "Amyderýadan tutulýan lakga balyklaryň bahasy ozal etiň bahasy bilen deň bolardy, emma indi gowy arzanlady" diýip, Osman Hallyýew 2013-nji ýylda habar berdi. Emma ol ilatyň arzanlap başlan balyklary hem gymmat görýändigini, sebäbi adamlaryň 'eliniň gaty ýukadygyny' hem gürrüň beripdi.

Ilatyň ykdysady ýagdaýynyň peselmegi bikanun balyk tutýan adamlaryň köpelmegine, olaryň emeli süýümden edilen we juda ownuk gözli torlary ulanyp, entek ulalmaly, gaty kiçi balyklary hem köpçülikleýin awlamagyna alyp gelýär diýip, habarçymyz aýdypdy.

Balyklaryň köpeldilmegindäki ýene bir esasy kynçylyk bolsa, maldarçylyk pudagynda bolşy ýaly, ot-iým ýetmeziçiligi bilen bagly.

Emma hökümet bu meseläniň hem çözülýändigini habar berdi we, mysal üçin, 2015-nji ýylyň başynda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň balyk ösdürip ýetişdirýän hojalyklarynyň ählisiniň azot we fosfor mineral dökünleri bilen üpjün edilýändigini, ýetişdirilýän balyklaryň ýokumly iýmler bilen iýmitlendirilýändigini aýtdy. Şol ýyl Halaç etrabynyň “Garamätnyýaz” suw howdanynda 500 müň sany ýaş balygyň kemala getirilendigi aýdyldy.

"2015-nji ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça balyk tutulyşy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,6 göterim artdy" diýip, hökümet mejlisinde habar berildi.

Balykçylykda gazanylan üstünliklere güwa geçýän resmi sanlar soňky ýyllarda hem ulalsa ulaldy, emma peselmedi.

Ýerli media geçen ýylyň tomsunda balyk önümçiliginiň, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 44,4% ýokarlanandygyny habar berdi; balyk tutmagyň bolsa, ýylyň birinji ýarymynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24% ýokarlanandygy aýdyldy.

Şu ýylyň başynda berlen habara görä, 2021-nji ýylda gaplanan balyk önümleriniň 50 tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi.

“Biznes Türkmenistan” neşiri 2020-nji ýylda daşoguzly telekeçiniň “Ak durna” kärhanasynda her ýylda kiçi balyklaryň 10 tonnasynyň, uly balyklaryň 5-6 tonnasynyň kemala getirilýändigini habar berdi.

Şeýle-de, 2020-nji ýylyň aprelinde TSTB-niň balykçylyk hojalyklarynyň 40-dan gowragynyň ýurduň suw gorlaryny netijeli ulanýandygy habar berildi.

Bu üstünlik, türkmen metbugatynyň tassyklamagyna görä, bary-ýogy iki ýylda, balykçylyk pudagy 2018-nji ýylyň oktýabrynda hususylaşdyrylandan soň gazanyldy.

Maglumat üçin aýdylsa, prezident 2018-nji ýylyň oktýabrynda “Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakyndaky” permana gol çekeninden soň, bu edaranyň garamagyndaky kärhanalaryň hususylaşdyrylandygy habar berildi; emeli suw howdanlaryny gurmak, balyk köpeldilýän inkubatorlary döretmek boýunça maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylandygy aýdyldy, emma bu ugurda harçlanan serişdeler barada anyk maglumat berilmedi.

'Üýtgedilip gurlan' balyk hojalygynyň öndürýän balyklary nirede?

Bur soraga sebitlerdäki ýagdaýy öwrenen habarçylarymyzyň ikisi bir-birinden habarsyz ýagdaýda jogap berdi.

Türkmenabadyň Gök bazarynda we Türkmenabat şäheri boýunça jemi 3 sany balyk dükany ýa nokady işleýär diýip, birinji habarçymyz aýtdy.

"Şäherde balygyň biraz arzan ýeri Türkmenabadyň Gök bazaryndaky et, balyk önümleri satylýan dükan hasaplanýar, emma ol balyklar alyjylaryň köpüsi üçin elýeterli däl".

Balyk bahalarynyň elýeterli bolmazlygy, berilýän maglumatlara görä, sebitiň emeli howdanlarynda balyk saklamagyň barha kynlaşmagy bilen baglanyşykly.

Suw howdanlarynda balyk köpeltjek bolan telekeçileriň köpüsi, öz gürrüňlerine görä, garaşan girdejilerini alyp bilmediler, batdylar diýip, howsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soraýan habarçymyz aýtdy.

Balyklaryň gymmat bolmagy ýa-da ilatyň eliniň ýukalygy sebit ýaşaýjylarynyň arasynda balygy garmak bilen, çeňňekli tutmaga çalyşýanlaryň has köpelmegine alyp geldi.

Ýurduň beýleki sebitlerinde hem maşgalada iýjek balygyny çeňňek bilen tutmaga çalyşýan adamlaryň köpelendigi habar berilýär.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň balyk tutmaga köp gidýän ýerleriniň biri Farap bilen Özbegistan araçägindäki Soltandag köli bolsa, beýlekisi Zergerdäki uly zeý kanaly hasaplanýar.

Bazarlarda satylýan balyk önimleri ýönekeý adamlar üçin gymmat bolmagyndan başga, öňki gowy balyklar hem satuwdan ýitdi diýip, habarçymyz munuň bir sebäbini Amyderýanyň suwunyň çekilmegi bilen baglanyşdyrdy.

Adatça, Amyderýadan tutulýan lakga, zagara balyklary indi satuwda kän görnenok, olara derek tekjelerde diňe iki görnüşli balyk - halk içinde ‘zmeý balyk’ diýlip atlandyrylýan, ýylana meňzeýän balyk bilen kellesi ullakan amur balyklary bar.

“Bu balyklaryň kilogramy 50 manat, bir balygy terezä goýsaň, bahasy 200 manatdan geçýär. Ortaça aýlygyň 1420 manat bolsa, bu balygy alyp bolmaýar” diýip, habarçy has az gazançly, işsiz adamlaryň hem az däldigini ýatlatdy.

Şonuň bilen bir wagtda, Lebabyň bazarlarynda daşary ýurtlardan getirilen balyk konserwalary bar; mysal üçin Latwiýadan import konserwalaryň her biriniň bahasy 35-40 manat aralygynda bahalanýar, 50-60 manatlyklary hem bar. Balkan welaýatyndan gelýän balyk konserwalarynyň bahasy 20-30 manat aralygynda bahalanýar; emma Türkmenistanyň konserwa önümlerini satyn alýan az, olaryň hili pes, tagamy gowy däl, muňa derek 60 manada iri mal etini satyn alsaň hasa amatly diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, restoranlarda dürli görnüşlerde bişirilip satylýan balyk önümleri has gymmat, ýörite balyk bişirilýän ýerlerde hem ýagdaý şeýle.

"Olara baryp, balyk iýjek bolsaň, kisäňde azyndan 500 manat bolmaly. Beýle adam kän däl" diýip, habarçymyz şu hepde ýazdy.

Zeý suwlarynda ýetişdirilen balyklar saglyk üçin gowy bolup bilermi?

Habarçylarymyz ekin meýdanlaryndan ýygnalan zeý suwlarynyň toplanan ýerlerinde ýetişdirilýän balyklaryň adam saglygy üçin “gowudygyny” aýdyp bolmajakdygyny, ol balyklaryň diri we ýarym taýýar görnüşinde, dürli ýollar bilen alnan 'rugsatlar' arkaly satylýandygyny habar berýärler.

“Şor suwlaryň toplanan köllerinde ýetişýän balyklary ekologiki taýdan arassa haryt atlandyryp bolmaýar, sebäbi gowaça, şaly, bugdaý meýdanlarynda ulanylan suwlaryň zeýkeşlere syzmagy balyk saklanylýan suwlaryň himiki galyndylar bilen zäherlemegine alyp gelýär; netijede bu kölleriň balyklary iki we iki ýarym ýyl içinde öz-özünden haram ölýar” diýip, ikinji habarçymyz hem birinji habarçymyzyň aýdanlaryny tassyklady.

Ol sözüne delil edip, Amyderýanyň ugrundaky kölleri, zeý suwunda balyk ýetişdirýän uly hojalyklary, Kerki etrabynyň çägindäki “Garaşsyzlygň 15 ýyllygy” suw howdanyny, Gagaraýşor köli, Uzynşor köli, Saýat etrabyndaky Soltantagt köli, Dänew etrabynyň çägindäki Ketdeşor köli, Rahmanköl, Ýarajy kölleri ýaly suw howdanlaryny mysal getirdi.

“Şor suwly köllerde ýetişdirilýän sazan, ak amur, ýylan balyk, afrika lakgasy ýaly balyklary, agramy 1kg, 1,5kg bolanda, adamlara satyp, ýok edýärler. Hapa we zäherlenen balyklary satmaga rugsat almak üçin degişli edaralaryň işgärlerine para berýärler, bu suw howdanlary, tebigy we emeli köller aslynda hiç bir ekologiki standarta laýyk gelmeýär” diýip, habarçy ýerli hünärmeleriň sözlerine salgylanyp aýtdy.

Şeýle-de, habarçymyzyň ýerli hünärmene salgylanyp aýtmagyna görä, Türkmenistanda öndürlýän balyklar umumy halkyň balyga bolan talabynyň 7%-ni üpjün edýär diýlip çaklanylýar. Şeýle-de, hünärmen balygy ýylda birki gezek iýse-de, telpegini göge zyňýan maşgalalaryň az däldigini belledi. Emma bu aýdylýalary, Türkmenistan bilen bagly sanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkinçiligi ýok.

Lebap sebitiniň balykçy hojalyklarynda ýetişdirilen 1,5 kg lakga balygyň bahasy 85 manat, 1 kg sazanyň 45-60 manat bahalanýar diýip, habarçy aýtdy.

Onuň öz gözegçiligine esaslanyp aýtmagyna görä, Türkmenistana daşary ýurtlardan hem gaplanan, kanserwa edilen, doňdurlan balyklar getirlýär, ýöne az mukdarda getirilýär, sebäbi olar has gymmat görülýär.

Baha, nyrh ýagdaýy bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň balyk önümleri esasan Aşgabatdaky söwda merkezlerinde satylýar, sebitlerde esasan ýerli balyklar satylýar.

Şol bir wagtda, seýrek hem bolsa, käbir restoranlarda gowy balyklaryň bolýan wagtlary hem bar. Mysal üçin, Türkmenbaşydaky “Zemin” restoranynda birnäçe adamly maşgala bolup, buglnan ýa-da howur pejinde bişen balyk iýmek üçin 1200 manat çemsinde pul gerek, bu baha balygyň görnüşine görä ýokarlanýar diýip, habarçymyz aýtdy.

Aşgabadyň balyk kyssasynyň iň gussaly ýeri

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk hünärmenleriniň käbiriniň pikirlerine görä, D witaimini strategiýasy bilen baglylykda, Aşgabadyň zeý suwlaryndan tutulýan balyklar meselesine hem indi täzeden seretmegine wagt ýetdi. Bu mesele, synçylaryň käbiriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň balyk kyssasynyň iň gussaly ýeri bolup görünýär.

Ozalky suw inženeri, häzir Wenada ýaşaýan raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamow, ozalky ekolog, häzirki hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin ýaly ýerli synçylaryň ynançlaryna görä, Aşgabat "Altyn asyr" kölünde, beýleki zeý suwlarynda ýetişdirilýän balyklaryň saglyk üçin näderejede 'ýakymlygydyny' barlasa gowy bolardy.

Emma hökümetiň uly serişde harçlanan gümürik taslamalarynyň birini goldan daşary ýurtly alymlar hem tapyldy. Mysal üçin, wenger alymy József Pekliniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistan bu kölüň berýän tebigy mümkinçilikleri esasynda 20 müň tonnadan gowrak balyk öndürmelidi.

Eger-de Ýer togalagynda adam başyna ortaça 12 kilogram balyk sarp edilýän bolsa, onda bize 1 000 000 ýaşaýjyny naharlamak üçin takmynan 12 000 000 kg, 12 tonna balyk gerek diýip, alym bu kölüň ýurduň iň ähmiýetli maýa goýumlarynyň biri bolup biljekdigini öňe sürýärdi.

Ozal öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň başlangyjy bolan, soň Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp göterilen taslama hünärmenlerde näglilelik döreden hem bolsa, resmi Aşgabat bu meselä gaýtadan seretmegiň pikirini etmedi.

Ýogsa hünärmenler bu kölüň sowetler döwründäki taslamalaryň gaýtalanmagy boljakdygyny, küpürsäp ýatan çölüň içinden geçirilen we bir ýere toplanan şor suwuň köp böleginiň gyzgyn howada bugarjakdygyny, onuň dürli himiki dökünlerden alan hapasynyň “tebigy betbagtçylyga” sebäp bolmak ähtimallygyny duýdurdylar.

Emma türkmen resmileri bu aladalara kölüň göçüp barýan guşlary özüne çekjekdigini, biodürlülige itergi berjekdigini, 80%-ni çöl tutýan ýurtda gülleriň we dürli ösümlikleriň köplejekdigini aýdyp jogap berdilerr diýip, öz wagtynda "The Gardian” neşiri hem ýazdy.

Suwdan doljagy gümana suw howdanyna çykarylan çykdajylar

Eger resmi beýanatlarda aýdylan zatlar amala aşyrylsa, doly gurlup gutarylanda 770 inedördül kilometri tutjak, 70 metr çemesi çuňlugy boljak kölde 130 milliard kub metrden gowrak suw ýerleşmelidi we, şol wagtky hasaplamalara görä, ony suwdan doldurmak üçin 15 ýyl we 4,5 milliard dollar gerek boljakdy. Emma soň bu tsalama harçlanjak serişdeleriň has köpelendigi habar berildi, emma bu meseläniň jikme-jiklikleri açylmady.

Birinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň tomsunda ulanmaga berlen kölüň “uzynlygynyň 103 km, ininiň 18,6 km, ortaça çuňlugynyň 69 metr” bolandygy habar berlipdi.

Edil häzir, dowamly gurakçylyk we suw meseleleriniň bölekleýin boýun alynýan wagtynda agzalmaýan hem bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň başynda bu kölden kepir, garabalyk, ak amur, çortan we beýleki balyklaryň awlanjakdygyny aýdypdy.

“Balkan” gazetiniň 2019-njyu ýylyň 29-njy ýanwarynda çap eden “Eşret köli” makalasynda “Garaşor çöketligine ýygnanan suwuň mukdarynyň 580 mln kub metre ýetendigi aýdyldy we, ýerli synçylaryň we N.Hanamowyň sözlerine görä, "Garaşor çöketligine 10 ýylda 580 mln kub metr suw toplanan bolsa, ol ýerde göz öňünde tutulan 132 mlrd kub metr suwuň ýygnanmagy üçin ýene näçe onýyllyk gerek bolar?

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýadan import edilýän doň balyklaryň gapdalyndan tassyklan strategiýasyna dolanyp gelsek, D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmagyň esasy sütünleriniň biri ilatyň azyk üpjünçiligi, şol sanda balyk üpjünçiligi bilen bagly.

Sebäbi, "Biznes Türkmenistan" neşiriniň aýdyňlaşdyrmagyna görä, "D witamini bedende birnäçe funksiýany ýerine ýetirip, sagdyn süňkleri we dişleri saklamaga, sagdyn immun ulgamyny, beýni we nerw ulgamyny goldamaga, insuliniň derejesini we öýken, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär".

Sözsoňy ýerine aýdylsa, Azatlyk balyk we ilatyň saglygy meselesi bilen gyzyklanyp, ýerli synçylar bilen söhbetdeş bolanda, türkmen ýazyjylarynyň biri öz ýakyn garyndaşynyň sowet döwründe uzak ýyllar weterinar bolup işländigini we “jüýjeler üçin ýörite balyk ýagy gelýär, bir jüýje haram ölse, üç adam gol çekip, akt ýazmaly, emma adam çagasy ölse, hiç kimden hasap soralmaýar” diýip, köp zeýrenendigini gürrüň berdi.

Türkmenistan sowet ýyllarynda çaga ölüminiň derejesi boýunça iň ýarmaz ýagdaýdaky respublikalaryň biridi we bu mesele, saglyk hünärmenleriniň düşündirmegine görä, enäniň göwrelilik döwründe we soň, süýt emdirýän mahalynda iýýän iýmiti, naharlanyş derejesi bilen bagly bolup durýar.

Ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde azyk önümleri, şol sanda mal iými bolan kepek üçin döreýän galmagally nobatlar saklanyp galýan wagtynda, eneleriň we çagalaryň saglygy baradaky mesele hem saklanyp galjaga meňzeýär; Aşgabadyň ýurtdaky keselçilik ýagdaýlary, ölüm derejesi, şol sanda çagalaryň ölümi barada açyk maglumatlary çap etmezligi, belki, adyňlaşdyrylmaýan D witamini ýagdaýlary bilen baglydyr?

Bu mesele baradaky pikirlere, mümkin bolan resmi maglumatlara, şahsy tejribeleriň paýlaşylmagyna garaşýarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Из морского порта Архангельск по Севморпути вновь отправится субсидированный каботажный рейс



VIP

В Москве состоится уникальный конкурс, сочетающий красоту и интеллект «Мисс Право»




Українські новини

Охорона і Безпека це ОіБ: замовляй охорону в Києві та Харькові



Новости 24 часа

Новый транспортный хаб начали строить Казахстан, РФ и Китай



Game News

«Война миров: Сибирь»: что мы знаем о новой российской игре



Москва

Подключение системы отопления в Московской области



News Every Day

Laura Dern Is the Star of Roger Vivier’s New Short Movie



Блоги

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)



Москва

Завод Москвы начал серийный выпуск плетенки для защиты электрических кабелей



Виктор Цой

У могил Горшка и Виктора Цоя на Богословском кладбище появилась защита от вандалов



Москва

Суд отказался отправлять на экспертизу документ об отставке Дубровина из правительства Забайкалья



Дарья Касаткина

Теннисистка Касаткина заявила, что скучает по России, но пока не может приехать



Москва

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров



Желдорреммаш

Улан-Удэнский ЛВРЗ подвел производственные итоги первого квартала 2024 года



Симферополь

Литературно-поэтический час «Ушла на фронт ещё девчонкой...»



Москва

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров



Москва

Собянин: Москва взяла Гран-при премии «Умный город» за цифровизацию горхозяйства



Москва

Жёсткие экологические требования решат инновационные энерготехнологии



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Замена труб канализации в Московской области

Стасу Михайлову 27 апреля исполняется 55 лет

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Размер концессионных соглашений РЭО достигнет 235 млрд рублей в 2024 году


Москва

Жёсткие экологические требования решат инновационные энерготехнологии






Rss.plus

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Более 100 студентов посетило СЛД Курск в рамках акции «Неделя без турникетов»

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Новый транспортный хаб начали строить Казахстан, РФ и Китай

Moscow.media
Москва

Собянин: Москва завершает переход на новый стандарт экстренной медпомощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Джиган запретит дочери Ариеле встречаться с определенной категорией парней




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия


WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России