ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda bir dükana edilen hüjümde 10 adam öldi
ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda ýerleşýän Çesapeake şäherinde bir “Walmart” dükanlar toplumyna edilen ýaragly hüjüm netijesinde 10 adam öldürildi, bir topar adam ýaralandy.
Ýaragly hüjüm eden adamyň ozal şol dükanyň işgäri bolandygy çak edilýär.
Hüjümçi ot açyp, birnäçe adamy öldüreninden soň özüni atdy we heläk boldy. Onuň bu hili herekete baş goşmagynyň sebäpleri anyklanylýar.
Bu betbagtçylyk ikinji gün, agşam sagat 11 töwereginde boldy. Ýerli polisiýanyň metbugat sekretary Leo Kosinski oklaryň dükanyň içinde atylandygyny we atyjynyň özünden başga hiç bir ýaranynyň bolmandygyny aýtdy.
“Walmart” dükanlar toplumynyň administrasiýasy bu bolan "pajygaly waka" haýran galandyklaryny we hukuk goraýjy edaralara ähli zerur kömegi bermäge taýýardyklaryny aýtdy.